Türkmenistan: Turizm meselesi ýene gün tertibinde

Hazar deňziniň kenarynda döredilen “Awaza” milli turistik zonasynyň bir künjegi. Awaza, 2012.

Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Aşgabada sapara baran BMG-niň turizm boýunça Bütindünýä guramasynyň Baş sekretary Taleb Rifai bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň resmi mediasy jenap Rifainiň bu saparyny halkara derejsinde Türkmenistanyň turizm pudagyna bildirilýän uly gyzyklanma hökmünde häsiýetlendirýär.

Penşenbe günki duşuşykda G.Berdimuhamedow bilen Taleb Rifainiň Türkmenistanyň turizm pudagyny ösdürmek meselesinde onuň BMG-niň turizm boýunça Bütindünýä guramasy bilen hyzmatdaşlyklarynyň perspektiwalary barada gürrüň edendikleri habar berilýär.

Nähili hyzmatdaşlyk islenilýär?

Resmi maglumata görä, şu günki gün Türkmenistan özüniň turizm boýunça proýektlerini amala aşyrmakda BMG-niň turizm boýunça Bütindünýä guramasyndan ekspert goldawlaryny almaklygy hyzmatdaşlyklaryň esasy ugurlaryndan biri hasaplaýar.

Jenap Rifainiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we turizm baradaky Döwlet komitetinde geçiren duşuşyklarynda-da bu gurama bilen ýakyn ýyllardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň programmasyny işläp düzmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylypdyr.

Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli turistik zonasynyň bir künjegi. Awaza, 2012.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň şu Bütindunýä guramasynyň hem-de syýahatlar we turizm boýunça Bütindünýä geňeşiniň “Dünýä liderleri turizmi goldamak ugrunda” atly bilelikdäki kampaniýasyna goşulmaklyga çagyrylandygyny-da habar berýär.

Penşenbe güni BMG-niň turizm boýunça Bütindünýä guramasynyň Baş sekretary Taleb Rifai Aşgabada saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Merkezi milli muzeýine-de baryp gördi. Anna güni bolsa, onuň türkmen halysynyň muzeýine barmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň mediasynyň ýazmagyna görä, şu hepdäniň ahyrynda jenap Rifai Türkmenistanyň “Awaza” milli turistik zonasyna-da sapar edip, ol ýerdäki turizm infrastrukturasynyň ýagdaýlary bilen ýakyndan tanşar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň häkimiýetleri indi köp ýyllardan bäri ýurtda turizm pudagyny ösdürmekligiň zerurlygyny nygtap, bu ugurda uly proýektleri amala aşyrmak bilen-de meşgullanýar. Şu proýektlerden iň irisi bolsa Hazar deňziniň kenarynda döredilen we häzirki wagt ösdürilýän “Awaza” turistik zonasydyr.

Ýöne bu turistik zonanyň döredilenine indi ençeme ýyl bolandygyna garamazdan, ýerli synçylar daşary ýurtlardan bu turizm zonasyna gelýän turistleriň sanynyň örän azdygyny we olaryň sanynyň artmak tendensiýasynyň-da göze ilmeýändigini belleýärler.

Käbir böwetler

Bu ugurdaky esasy problemalardan biri hökmünde synçylar Türkmenistanyň bu milli turistik zonasynyň daşary ýurtlarda kän bir reklama edilmeýändigini görkezýärler.

Problemalardan ýene biri bolsa, olaryň pikiriçe, Türkmenistana barmak isleýän turistleriň wiza almak kynçylyklary bilen baglanyşykly.

Şu geçen ýylyň mart aýynda Moskwada iş alyp barýan “Žarkow tur” turistiki agentliginiň resmileri Türkmenistana barmak üçin özlerine ýüz tutýan orsýetlileriň takmynan 98 prosente golaýynyň arzasynyň Türkmenistan tarapyndan yzyna gaýtarylýandygyny tassyklapdylar.

Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli turistik zonasynyň bir künjegi. Awaza, 2012.

Agentligiň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi daşary ýurtly turistleriň ýurda goýberilmezliginiň sebäpleri barada anyk düşündiriş hem bermeýär.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň internet saýtlaryndaky maglumatlara görä, islendik bir daşary ýurtly raýat Türkmenistana turist hökmünde barmak üçin ozaly bilen Türkmenistanyň öz içindäki turistiki agentliklere ýüz tutup, şolardan çakylyk hatyny almaly.

Şeýle çakylyk hatyny resmileşdirýän Aşgabatdaky turistik agentlikleriň biriniň resmisi bu düzgün barada şeýle diýdi: “Türkmenistana geljek adam pasportynyň nusgasyny ugratmaly. Onsoňam, ol haçan gelýändigi, haçan gidýändigi, haýsy uçar bilen gelýändigi, haýsy uçar bilen gidýändigi, Türkmenistanyň haýsy şäherlerini görmek isleýändigi – şu zatlar barada elektron poçta arkaly maglumat ibermeli. Biz onsoň bu maglumatlary bu ýerde Migrasiýa gullugyna berýäris. Onsoň, bu gullugyň özi bu meselelere jogap berýär. Geleniňizde hem siz hökman myhmanhanada ýaşamaly”.

Turistik agentliginiň bu resmisi Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyndan çakylyk hatyny almak prosesiniň azyndan 10 gün wagty alýandygyny, emma käte munuň has köpräk wagta çekmeginiň-de mümkindigini belledi.

Şeýle hem, onuň aýtmagyna görä, Türkmenistana barýan islendik bir daşary ýurtly turist özüniň isleýändigine ýa islemeýändigine garamazdan, islendik ýere gidende ýany ýörite bellenen gidli, ýagny ýolbeletli bolmaly.
http://w.soundcloud.com/player/?url=http%3A%2F%2Fapi.soundcloud.com%2Ftracks%2F75452677&show_artwork=true