Orsýet: Migrant işçiler baradaky garjaşyk syýasat

Merkezi Aziýadan gelen migrant işçiler Kazan wokzalynda. Moskwa, 17-nji noýabr, 2012 ý.

Migrant işçileriň Orsýetde nähili kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüzdügini Bek Tahirow gowy bilýär.

Bu 38 ýaşly özbek 2004-nji ýylda Orsýete gelip, bikanun işläpdir. Iki ýyl mundan ozal hem bikanunylykdan dynmak maksady bilen ors raýatlygy üçin arza beripdir. Ol indi Sankt-Peterburgda gündizine terjimeçi, gijesine hem howpsuzlyk sakçysy bolup işleýär. Işi hem kanuny.

Aldaw-hileler

Tahirow öz edinen tejribelerinden peýdalanyp, iş gözläp Orsýete gelýän ildeşlerine bu ýerde iş bazarynda bar bolan kynçylyklary ýeňip geçmekleri üçin kömek edýär.

"Ýagdaý ýylba-ýyldan kylanşýar. Ozal çalt iş tapyp bolýardy. Dokument ýa başga zat gerek däldi. Indi bolsa sen ähli dokumentleri doldurýarsyň. Olar seni ýene-de aldap, daşary taşlaýarlar. Aldaw-hile hemme ýerde köp" diýip, Tahirow aýdýar.
Kanuny migrasiýanyň köpelendigini ýa-da migrantlaryň raýatlyk alyp, jemgyýete integrirlenmeginiň aňsatlaşandygyny görýärismi? Ýok, göremzok. Onsoň bu konsepsiýa näme üçin gerek diýen sorag döreýär". Krawtsow.


Bu aldaw iş hakyny tölemezlik, iş rugsady üçin soralýan ýokary para we polisiýanyň eden-etdilik bilen seni tussaglyga salmagy ýaly zatlary öz içine alýar.

Orsýetde sany on-onki million diýip çaklanýan, köpüsi hem öňki Sowet Soýuzynyň Orta Aziýa respublikalaryndan bolan migrant işçileriň diňe iki millionynyň ýurtda kanuny işleýändiginiň sebäbi şol. Galany gara ykdysadyýetiň hasabyna işleýär.

Gapma-garşylykdan doly syýasat

Analizçiler Orsýetiň migrant işçiler baradaky syýasatynyň gapma-garşylykdan doludygyny aýdýarlar. Kreml bir tarapdan çet ýurtly işçileriň statusynyň kanunlaşdyrylmagyndan geljek salgyt girdejilerini almak islýär. Häkimiýetler ilatyň garramagy sebäpli ýurduň işçi güýjünde döreýän boşlugy doldurmak üçin çet ýurtlularyň gerekdigini bilýärler.

Beýleki tarapdan bolsa, migrantlara garşy ýok bolup gitmeýän garaýyşlar, bikanun işçilerden peýdalanýan gara ykdysadyýetiň gülläp ösmegi migrantlaryň öz ýagdaýlaryny kanunlaşdyrmaklaryny kynlaşdyýar.

Wasiliý Krawtsow Moskwada ýerleşýän 21-nji asyr migrasiýa merkeziniň işgäri. Ol migrantlaryň öňündäki böwetleriň gitdigiçe ýaramazlaşýandygyny belleýär: "Gynansak-da, adamlaryň kanuny ýollar bilen işlemeginiň, Orsýetde ýerleşip, ors raýatlygyna geçmeginiň öňüni almak üçin ähli zatlar edilýär. Bu aýratyn-da geçen iki ýyllykda şeýle boldy."

"Iş ýüzünde üýtgän zat ýok"

Krawtsow Kremliň migrasiýa baradaky täze syýasy düzgünnamasyny taýýarlan awtorlaryň biri. Bu dokumentde migrasiýa Orsýetiň ykdysadyýetinde oňaýly faktor diýip garalýar. Kreml hem muny goldady.

Ýöne, Krawtsowyň aýtmagyna görä, iş ýüzünde üýtgän zat ýok: "Migrasiýa baradaky konsepsiýa gyzykly, innowatiw hem möhümdi. Ýöne ol kabul edilip, hiç bir zat üýtegemese, näme peýdasy bar. Men üýtgän zat göremok. Kanuny migrasiýanyň köpelendigini ýa-da migrantlaryň raýatlyk alyp, jemgyýete integrirlenmeginiň aňsatlaşandygyny görýärismi? Ýok, göremzok. Onsoň bu konsepsiýa näme üçin gerek diýen sorag döreýär".

Tahirow ýagdaýlaryň bu golaýda gowulanjagyna ynananok: "Migrantlaryň aglabasy kanuny ýollar bilen iş tapyp bilenoklar. Olar ähli zat gowy diýip, seni telewideniýede görkezjek bolýarlar. Bu bir üsti örtülen gulçulyk derejesindäki iş. Ýöne migrantlar muňa-da razy. Olar aýda 500 ýa 600 dollary öýlerine iberip bilýärler. Bu hem özbekler, täjikler üçin köp pul".http://w.soundcloud.com/player/?url=http%3A%2F%2Fapi.soundcloud.com%2Ftracks%2F74917395&show_artwork=true