Minskde türkmen studentlerine jeza berildi

Täze Ýyl baýramçylygy, Minsk, 2013.

Minskde sud edilen türkmen studentleriniň ykbalyna degişli käbir täzelikler peýda boldy. Täze ýyl baýramçylygynda polisiýa tarapyndan saklanyp, administratiw jogapkärçilige çekilen türkmenlere jeza çäresi bellenipdir.

Minskde sud edilen türkmen studentleriniň ählisi Belarusda galdylar we öz okuwlaryny dowam etdirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosyna Minskiniň Içeri işler ministrliginiň Baş uprawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Aleksandr Ioskin aýtdy.

Habar berlişine görä, Täze ýyl baýramçylygynda Minskiniň Sport merkeziniň golaýynda türkmenistanly we özbegistanly studentler, jemi 20 adam, özlerini gelşiksiz alyp baranlygy zerarly tussag edilipdi. Olardan 18 adamyň Belarusda okaýan türkmen studentlerdigi, Türkmenistanyň raýatlarydygy habar berlipdi.

Aleksandr Ioskiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, studentleriň saklanmagyna olaryň içgili ýagdaýda özara we daşyndaky adamlar bilen dawalaşmaklary sebäp bolupdyr.

Minskiniň Sport merkeziniň Belarus paýtagtynda dabaraly çäreleriň geçirilýän esasy ýerleriniň biridigi we şu ýyl Täze ýyl baýramçylygynda bu ýerde 15 müňe golaý adamyň jemlenendigi habar berilýär.

Soňky maglumatlarda türkmen studentleriniň okaýan ýokary okuw jaýlaryndan kowulmajagy hem habar berilýär.

Belarusyň Içeri işler ministrliginiň tertip-düzgüni goramak boýunça Baş uprawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Iwan Kubrakowyň žurnalistlere aýtmagyna görä, “bolan waka barada ähli maglumatlar Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasyna we studentleriň okaýan okuw jaýlaryna” ýetirilipdir.

“Milisiýa studenleri saklan badyna, bu barada Türkmenistanyň Minskidäki ilçihanasyny habarly edipdi” diýip, Kubrakow Konsulhananyň wekilleriniň türkmenleriň saklanýan polisiýa bölümine baryp, edilmeli işleriň ählisini berjaý edendiklerini habar berdi.

Habar berlişine görä, Minskiniň Merkezi raýon sudy 3-nji ýanwarda ownuk huligançylyk boýunça 18 sany protokola garap, 8 adamy iki gije-gündiz tussaglykda saklamak, beýleki on adamyň-de hersine 20 dollar çemesi möçberde jerime salmak kararyna gelipdir.