Düýbi Kanadada ýerleşýän “The Secdev Group” topary Türkmenistanda internede girizilýän gadagançylygy we senzurany öwrenip, ýörite hasabat çap etdi.
Hasabat 2011-nji ýylyň oktýabry – 2012-nji ýylyň sentýabry aralygyny öz içine alýar. Hasabatda türkmen hökümetiniň internedi has elýeterli etmek tagallalary bilen birlikde resmileriň bu ugurdaky gadagançylyklary we çäklendirmeleri barada giňişleýin maglumat berilýär.
“Ne eýläk, ne-de beýläk: Türkmenistanyň öýjükli äleminiň durgunlygy” atly hasabatda, häkimiýet başyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçmegi bilen, ýurtda onlarça ýyl dowam eden internediň “gözgyny” ýagdaýynyň gowulaşyp başlandygy nygtalýar.
Emma, muňa garamazdan, bu ugurda alnyp barlan işleriň köp halatlarda “iki ädim öňe, bir ädim yza” tutumyndan ugur alandygy hem bellenilýär.
Nyýazow döwri
Türkmenistanda internedi ornaşdyrmak boýunça ilkinji ädimler 1990-njy ýyllaryň başlarynda ädilipdi. “The Secdev Group” toparynyň hasabatynda bellenilşi ýaly, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe internet esasan hökümet resmileri, şeýle-de daşary ýurt diplomatlary we kärhanalary tarapyndan ulanylyp, ol ýerli ilat üçin juda çäkli derejede elýeterlidi.
Hasabatda nygtalmagyna görä, 2000-nji ýylda Nyýazow ýurtda internet hyzmatlaryny hödürleýän dört sany şahsy prowaýderi gadagan edip, olaryň işini döwletiň eýeçiligindäki ”TürkmenTelekomyň” monopoliýasyna geçirýär.
2002-nji ýylyň “sanjar”, ýagny prezidentiň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän wakalardan soň, ýurtdaky bar bolan internet kafeleriň hem ýapylandygy bellenilýär.
2007-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlige saýlanandan soň, öz öňünde goýýan esasy maksatlaryň biriniň bu ýurtda internedi elýeterli etmek boljakdygyny aýdypdy.
“The Secdev Group” toparynyň hasabatynda prezidentiň bu ugurdaky wadalarynyň belli bir derejede durmuşa geçirilendigi aýdylýar. Ýagny, hasabatda: ýurtda internet-kafelerine bolan gadagançylygy aýyrmak, adamlaryň öýlerine şahsy internedi çekmegine ýol açmak,
mobil internedi ýola goýmak ýaly çäreler mysal hökmünde getirilýär.
“Iki ädim öňe, bir ädim yza”
Soňky ýyllaryň dowamynda hökümetiň internedi halka ýetirmek ugrunda eden oňaýly tagallalaryna garamazdan, hasabatda bellenmegine görä, Türkmenistanda bu pudak juda çäkli bolup galýar, şeýle-de onuň mazmunyna berk gözegçilik edilýär.
“Ne eýläk, ne-de beýläk: Türkmenistanyň öýjükli äleminiň durgunlygy” atly hasabatda nygtalmagyna laýyklykda, öýlere berilýän şahsy internediň tizligi juda haýal we internet käte paýtagtyň daşyndaky regionlarda asla açylanok.
Hasabatda Türkmenistanda internetden maglumatlary almak üçin tizligiň 72 kbps-e deňdigi aýdylýar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, bu görkeziji Owganystanda 150 kbps-dir.
Öýe çekilýän internediň töleginiň degişlilikde gymmatdygy, şeýle-de ony almak üçin belli bir derejede çylşyrymly hasaba alyş ötüginden geçmelidigi hem hasabatda aýdylýar.
Hasabatdaky getirilen sanlara görä, ADSL internet hyzmatynyň iň tiz işleýäniniň aýlyk tölegi $7,000 çenli ýetýär. Bu hyzmatyň iň haýal görnüşi bolsa, aýlyk $330-a durýar.
2007-nji ýylda gaýtadan açylan internet-kafeler döwletiň eýeçiliginde bolup, olary ulanmaga barýanlar hökmany ýagdaýda özleriniň pasportyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamalary görkezmeli. Maglumata görä, häzir Türkmenistanda döwletiň eýeçiligindäki 15 internet-kafe bar.
Hasabatda bellenilişi ýaly, türkmen hökümeti internedi senzurlaýar. Emma “The Secdev Group” toparynyň hasabatynda nämeden ugur alnyp, haýsy saýtlaryň petiklenýändigi barada hiç hili resmi maglumatyň jemgyýetçilige ýetirilmeýändigi-de nygtalýar.
Türkmenistanda petiklenen saýtlaryň arasynda meşhur blog we habar serişdeleriniň sahypalary, şol sanda CNN we Azatlyk Radiosynyň ”Azathabar.com” websahypasy hem bar.
“The Secdev Group” toparynyň Türkmenistanda internediň ýagdaýy baradaky hasabaty “Open Society Foundations” (“Açyk jemgyýetiň binýady”) atly fond tarapyndan maliýeleşdirildi.