Täze ýyl agşamsy Fransiýada 1 müň 200 töweregi maşyn ýakyldy

Fransiýanyň häkimiýetleri täze ýyl agşamsy ýurduň dürli ýerlerinde amala aşyrylan huligançylyklarda jemi 1 müň 200 töweregi maşynyň ýakylandygyny aýdýarlar.

Fransiýanyň içeri işler ministri Manuel Walls häzirki wagt jemi 1 müň 193 maşynyň ýakylandygynyň hasaba alnandygyny mälim etdi.

Ol ýurduň Strasburg we Malhaus şäherlerinde bulagaýçylyk döreden huliganlar bilen polisiýa güýçleriniň çaknyşandyklaryny aýdýar. Bu wakalarda 339 adam tussag edilipdir.