Ýyl ahyry: Ylymdaky üstünlikler

"Curiosity" robotynyň Marsa gonuşyny görkezýän bir şekil.

Geçen ýyl ylymda we tehnologiýada gazanylan üstünlikler Mars planetasyndan başlap, Ýer togalagynyň jümmüşine çenli bolan dürli ýerlerde amala aşyryldy. Ýöne nirede bolsa-da, olaryň umumy häsiýeti – 2012-nji ýylyň dowamynda hem alymlary, hem jemgyýetçiligi deň derejede gyzyklandyrmagy boldy.

"Curiosity"

Birleşen Ştatlaryň Aeronawtika we Kosmiki giňişligi derňemek boýunça milli gullugy NASA-nyň agramy bir tonnalyk roboty "Curiosity" kosmos giňişliginde bir ýyllyk uçuşdan soň, awgust aýynda baryp Marsda gondy.

Iň täze tehnologik ösüşiň derejesinde enjamlaşdyrylan, gadymda ýaşaýşa ýaramly bolan şertlerden, belki-de, bu gün hem bar bolmagy mümkin mikrobik ýaşaýyşdan bir nyşan tapmak maksady bilen ugradylan bu alty tigirli ylmy laboratoriýa özünden edilen tamany ödedi.

Onuň bu planetadaky çagyl daşlar barada geçiren analizlerine esaslanyp, alymlar ýaşaýşyň esasy düzüm bölegi bolan suw, gyzyl planeta diýlip at berilýän Marsda geçmişde bolupdyr diýen netijä geldiler.

"Curiosity" proýektini alyp barýan toparyň alymy Rebekka Williams bu taryhy wakany habar berende şeýle diýdi: "Biziň bu ýerde görýän daşlarymyz togalak, hem-de ullakan. Bular ýel tozduryp getirerden uly. Ylmy topar bulary suwuň güýçli akymynyň getirendigi barada doly ylalaşýar".

Higgs bölejigi

2012-nji ýylda ýlymda we tehnologiýada NASA-nyň kosmos ulagynyň dabarasyndan hem batly ýaňlanan fizikleriň higgs bölejigini tapandyklary baradaky habary boldy.

Bardygy teoretiki taýdan öňünden kesgitlenen bu syrly bölejigiň materiýanyň ozalynda nädip massaly bolandygyny düşündirmegi mümkin.

Joe Inkandela Şweýsariýada ýerleşýän Ýewropanyň ylmy barlag merkezinde (CERN) higgs bölejigini tapmak boýunça iş alyp baran alymlaryň biri. Ol iýul aýynda özüniň we kärdeşleriniň "Älemiň kärhanasyna baryp ýetendiklerini" aýtdy: "Biz şu wagta çenli öndürilen bölejikleriň iň seýreklerini şular ýaly eksperimentlerden gözledik. Ýatdan çykarmaly däl, bu bir gaty ir gelnen, deslapky netije. Ýöne ol, biziň pikirimizçe, gaty güýçli netije. Ol gaty berk. Beýle bolmasady, biz ony hödürlemezdik".

Maglumatlaryň soňra gözden geçirilmegi netijesinde hem tapyndynyň hem-de bu bölejigiň fizikanyň standart modeline gabat gelýändigi tassyklandy.

Higgs bölejigi garaňky materiýanyň bardygyny düşündirip bilmese-de, bu açyş geçen asyrda fizikada edilen iň uly açyşlaryň biri hasaplanylýar.

Ýene bir gyzykly waka alymlaryň Birleşen Ştatlarda Brookhaweniň milli laboratoriýasynda 4 trillion gradusa deň temperaturany almagy boldy. Adamzadyň döredip bilen, Günüň jümmüşindäki gyzgynlykdan hem takmynan 250,000 esse ýokary bolan bu temperaturanyň ömri, bir sekundyň diňe sanlyja bölegine ýetdi. Bu iş alymlara "Uly Ýarylyş" bilen baglanyşykly edilen barlaglaryň dowamynda altynyň ionlaryny çaknyşdyryp, owratmak bilen başartdy.

"SpaceX Dragon" hem ilki Halkara kosmos stansiýasyna barmak, soňra hem oňa ýük eltmek bilen hususy söwdanyň ilkinji kosmos gämisine öwrüldi. Käbir adamlar muňa kosmosyň hususy söwda üçin özleşdirilmegine girilýän döwrüň başlanmagy diýip baha berýärler.

Medisina

2012-nji ýylda ylymda gazanylan üstünliklerde medisinanyň hem paýy bar. Aprel aýynda Britaniýada alymlar göwüs düwnük keseli barada geçirilen iň uly barlagy bile ýetirdiler.

Olaryň gelen netijelerine görä, bu diňe ýeke-täk bir kesel däl. Ony biri-birinden tapawutly 10 görnüşe bölüp bolýar.

Bu barlagyň netijeleriniň, keseliň haýsy görnüşi hem bolsa, şoňa gönükdirilen ýörite bejergi bilen syrkawyň sagalmak mümkinçiligini artdyrmagy mümkin.