Ýyl ahyry: Ýaşlaryň arasynda ösýän işsizlik

Ispaniýanyň paýtagty Madridde zähmet biržasyna nobata duran işsizleriň nobaty. Madrid, sentýabr, 2012.

Dünýä krizisi işçileriň täze nesline deň bolmadyk täsirini ýetirdi we ýetirýär. Ýaşlaryň täze nesliniň arasynda garyplyk, passiwlik artýar, olar howply ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu tendensiýa dünýäde ýaşlaryň geljegine we dünýä ykdysadyýetine howp abandyrýar.

Bu durnuksyz ýagdaýyň bolsa sosial tolgunyşyga getirip biljekdigi aýdylýar. Täjigistanyň Duşenbe şäheriniň ýaşaýjysy 23 ýaşly Akmal Dildorbek iki ýyl mundan ozal uniwersiteti tamamlan.

Şondan bäri Akmal özi bilen okuwy tamamlan beýleki dostlary ýaly işsiz gezip ýör. Akmal Dildorbek Azatlyk Radiosy bilen gürrüňinde bu ýagdaýdan ýeke-täk çykalga “öz ene-ataň öýüni terk edip, Orsýete iş gözläp gidýän merkezi aziýaly işsizleriň hataryna goşulmak” diýýär.

“Men işsiz öýde otyryn. Bilimim boýunça men kompýuter programmisti. Men ugrum boýunça işlemek üçin mümkin bolan ähli edaralara arzamy iberdim. Men banklara, kompaniýalara we hususy şirketlere arzamy berdim. Iş gözlegimi dowam etdirerin. Ýöne iş tapmasam, men zähmet migranty bolup, Moskwa gitmeli bolaryn” diýip, ol gürrüň berýär.

Ýaşlaryň öňündäki böwetler

Akmal Dildorbek maliýe krizisinden entek saplanmadyk dünýä ykdysadyýetinde geljege umydyny ýitirýän köpsanly ýaşlardan biri. Ösýän ýurtlarda passiw we garyp işçi güýjüne öwrülýän, senagat ulgamynyň howply işlerini ýerine ýetirýän ýaş “ýitirilen nesliň” emele gelip biljekdigi çaklanylýar.

BMG-niň Halkara Zähmet guramasynyň maglumatyna görä, häzir dünýä boýunça 15-24 ýaş aralygyndaky 75 million ýaş nesil işsiz. Bu görkeziji 2007-nji ýylda global maliýe krizisi başlany bäri işsizleriň sanynyň 4 million çemesi artandygyny aňladýar. Olaryň 6 milliondan gowragy iş tapmak umydyny üzenlerdir.

2012-nji ýylyň ýazynda Ýewropa ýurtlarynda ýaşlaryň arasyndaky işsizligi görkezýän tablisa. "Roýteriň" maglumaty.

Ýaşlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary zähmet bazarynyň ýagdaýynyň gowşakdygyny görkezýär. Halkara Zähmet guramasynda ýaşlary işe almak boýunça spesialist bolup işleýän Metýu Kognak Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde uly ýaşdakylar bilen deňeşdirilende, ýaşlaryň işe ýerleşmek mümkinçiliginiň pesde durýandygyny aýtdy.

“Diskriminisaýa bilen ýaşlar has köp ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ykdysady ösüş döwründe olar işe alynýanlaryň soňky hatarynda durýarlar. Şol bir wagtyň özünde krizis döwründe olar ilkinji bolup işden boşadylýarlar. Ýewropa Bileleşigindäki 25 ýaşdan pesdäki bäş adamyň biri iş tapyp bilmeýär. Ýaşlaryň köpüsi ýarym günlük işlere kabul edilýär ýa-da olar resmi däl ýagdaýda işe alynýar” diýip, ol ýagdaýy düşündirýär.

Metýu Kognak ýaşlaryň agdaklyk edýän Aziýa-Ýuwaş okean regionynda hem zähmet bazarynyň ýagdaýynyň ýaramazdygyny aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, Taýwanda we Filippinlerde ýaşlaryň altydan bir bölegi işsiz. Ýagdaý Ýakyn Gündogarda we Afrikada has hem tutuksy. Bu ýerde ýaşlaryň dörtden bir bölegi işsiz kösenýär.

Problemar we tagallalar

Ýaşlaryň arasynda emele gelýän närazylyk we ynamsyzlyk sosial tolgunyşyklara getirýär. Şeýle ýagdaý Demirgazyk Afrikada we Ýakyn Gündogarda “Arap bahary” adyna eýe bolan köpçülikleýin protestlerde ýüze çykypdy.

Golaýda haýal ykdysady ösüş bilen berk tygşytlaýyş çäreleriniň utgaşmagy Günorta Ýewropada hem tolgunyşyklary döretdi.

Metýu Kognak syýasatçylaryň bu durnuksyz ýagdaýy göz öňünde tutandyklaryny aýdýar: “Hut häzirki wagtda dünýäniň syýasy gün tertibinde ilkinji nobatda ýaşlary iş bilen üpjün etmek meselesine has giň orun berilýär. Biz köp ýurtlarda ýaşlary iş bilen üpjün etmek boýunça planlaryň we strategiýalaryň goldanylýandygyny we işlenip düzülýändigini görýäris”.

Halkara Zähmet guramasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, şeýle hem birnäçe beýleki guramalar ýaşlara gönükdirilen ýörite programmalary, şol sanda hökümet tarapyndan goldanylýan iş ýerleri we okuw-türgenleşik boýunça maksatnamalary işläp düzmeklige çagyryş edýärler.