Siriýaly general ýurduň režimini terk etdi

Siriýada 2011-nji ýylyň martynda halk çykyşlarynyň başlanaly bäri geçen döwrüň içinde onlarça general ýurduň režimini terk etdi.

Habar çeşmeleriniň maglumatlarynda Siriýanyň harby polisiýasynyň başlygy, general-maýor Abdul Azyz Ýassem al-Şallalyň ýurduň režimini terk edip, Türkiýä gaçyp geçendigi habar berilýär.

Hepdäniň sişenbe güni düýbi Dubaýda ýerleşýän “Al-Arabiýa” telekanalynda efire berlen wideo ýazgyda general-maýor Abdul Azyz Ýassem al-Şallal özüniň “halk rewolýusiýasyna” goşulýandygyny aýdýar.

Bu wideo ýazgydaky çykyşynda ol: “Men general Abdul Azyz Ýassem al-Şallal, harby polisiýanyň başlygy. Men goşunyň ýurdy goramak baradaky esasy borjundan sowlandygy hem-de adam öldürmelere, şäherleridir obalary weýran etmeklige we öz azatlyklaryny talap edýän biziň ýaragsyz adamlarymyzy köpçülikleýin gyrmaklyga ýüz urandygy üçin goşuny terk etdim. Ýaşasyn azat we kuwwatly Siriýa!” diýip, beýanat edýär.

Bu çykyşynda general al-Şallal Siriýanyň hökümet güýçleriniň hatarynda režimi terk etmek isleýän başga-da ýokary derejeli ofiserleriň bardygyny tassyklaýar. Ýöne ol hökümet tarapyndan alnyp barylýan berk gözegçilikler sebäpli edil häzir režimi terk etmekligiň olar üçin amatly däldigini aýdýar.

Siriýada 2011-nji ýylyň martynda halk çykyşlarynyň başlanaly bäri geçen döwrüň içinde onlarça general ýurduň režimini terk etdi. Musulmanlaryň sünni mezhebinden bolan general Abdul Azyz Ýassem al-Şallal bu generallaryň arasynda iň ýokary wezipelilerinden biridir.

Ozal hem bolupdy

Şu ýylyň iýul aýynda sünni musulmanlaryndan bolan brigada generaly Munaf Tlass hem Siriýanyň režimini terk edipdi. Siriýanyň Respublikan Gwardiýasynda gulluk eden we prezident Başar al-Assada iň bir ýakyn toparyň agzasy diýlip hasaplanylýan Munaf Tlass Fransiýa gaçyp atypdy.

Men goşunyň ýurdy goramak baradaky esasy borjundan sowlandygy üçin goşuny terk etdim
General al-Şallal

Şondan bir aý geçenden soň, ýurduň şol wagtky premýer-ministri Riad Hijab wezipesinden çekilip, Iordana gaçyp geçdi.

Siriýanyň režimini terk edýän bu ýokary derejeli resmileriň we ofiserleriň aglabasy, režime garşy ýaragly göreş alyp barýan oppozision söweşijilere meňzeşlikde, sünni mezhebiniň wekilleri.

Prezident Assada ygrarly bolup galýan häzirki hökümet resmileriniň we goşun ofiserleriniň aglabasy prezidentiň dini toparynyň, ýagny musulmanlaryň alawitler toparynyň wekilleri diýlip hasaplanylýar.

Siriýanyň oppozision aktwistleri çarşenbe güni hökümet güýçleriniň paýtagt Damaskyň golaýyndaky al-Zabadani, Dariýa we al-Tadamun ilatly punktlarynda ýaragly söweşijilere garşy harby operasiýalary alyp barýandyklaryny habar berdiler.

Ýerli aktiwistler al-Zabadani ilatly punktunda hökümet güýçlerinden 17 sany harby ofiseriň we 50 töweregi esgeriň oppozision söweşijileriň tarapyna geçendiklerini aýdýarlar.

Düýbi Londonda ýerleşýän we Siriýadaky ynsan hukuklary boýunça iş alyp barýan gurama soňky bir hepdäniň dowamynda Siriýada jemi müňden gowrak adamyň ölendigini aýdýar. Şeýlelikde, geçen ýylyň martyndan bäri Siriýadaky halk gozgalaňlarynyň barşynda ölen adamlaryň sanynyň 45 müňden hem geçendigi aýdylýar.
http://w.soundcloud.com/player/?url=http%3A%2F%2Fapi.soundcloud.com%2Ftracks%2F72623785&show_artwork=true