ABŞ: Ýokary wezipelere uruş weteranlaryň bellenmegi mümkin

Demokratik senator Jon Kerri (çepde) we Respublikan senatory Çak Heýgel.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Wetnam urşunyň ordenleri bilen sylaglanan iki weterany öňümizdäki günlerde öz Ministrler Kabinetine wezipä bellejege meňzeýär. Bularyň biri demokratik senator Jon Kerri. Ol Döwlet sekretary bolmaly. Beýlekisi hem goranmak ministri diýip göz öňünde tutulan, öňki respublikan senator Çak Heýgel.

Bularyň ikisi-de dünýägaraýşy 40 ýyl mundan ozal uruş meýdanynda taplanan adamlar. Bular, dogrudanam, wezipä hödürlenip, oňlansalar, onda olaryň uruşda edinen tejribeleriniň Amerikanyň geljekki dört ýylda ýöretjek syýasatyna täsir etmegine garaşylýar.

Senata 30 ýyla golaý hyzmat eden 69 ýaşly Jon Kerri senatyň Daşary gatnaşyklar baradaky güýçli komitetiniň başlygy. Aýdylyşyna görä, Obamanyň ileri tutýan kandidaty Amerikanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Suzan Raýs çete çekileninden soň Ak Tamyň sanawynda iň ýokary orny eýeleýän Jon Kerri.

Heýgel hem 12 ýyllap işlänsoň, 2008-nji ýylda senatdan çetleşdi. Respublikan partiýanyň özbaşdak pikirli agzasy bolup, prezident Jorj Buşuň Yrak we Owganystan baradaky uruş syýasatyny ýiti tankytlamagy partiýanyň käbir agzalarynyň Heýgelden ýüz öwürmegine getirdi.

Jon Kerri öz agraslygy, diplomatik dartgynlylygy köşeşdirmek başarnygy bilen giňden tanalýan adam. Ol bu işi ukybyny Osama bin Laden öldürileninden soň Pakistanda görkezdi. Owgan prezidenti Hamid Karzaý bilen berk gatnaşyk gurup, bu işe-de, ýagny berk şahsy gatnaşyga-da ukyplydygyny görkezdi. Ony Kongresdäki partiýalaryň ikisi-de goldaýarlar.

Kerri bilen Heýgeliň ikisiniň-de syýasy garaýyşlaryny taplan olaryň Wetnamda edinen uruş tejribeleri. Bularyň ikisi-de harby hereketler barada duýduryş berip, diplomatiýanyň tarapyny çalyp geldiler.

Kerri Wetnamdan geleninden soň urşa garşy aktiwist boldy. Ol 1971-nji ýylda Senatyň kometetiniň bir diňlenişiginde görkezme berende, Amerikanyň harby strategiýasyny ýiti tankytlady.

Ol şonda şeýle diýdi: "Wetnam hakda, kommunizme garşy mistiki uruş barada aýdylanda, biziň gaharymyz iliňkiden artyk gelene meňzeýär. Biziň gören adamlarymyzyň köpüsi kommunizm bilen demokratiýanyň ara tapawudyny-da bilmeýärdiler. Olar depelerinde dikuçarlar uçmazdan, napalmly bombalar bilen obalary ýakylmazdan, ýurtlary weýran edilmezden, öz şaly meýdanlarynda işlemek isleýärdiler. Olaryň bu uruşda ähli islegi, aýratyn-da keseki Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan islegleri – olaryň özlerini öz gününe goýmagydy".

66 ýaşly Heýgel hem urşuň berk tankytçysy. Ol üstümizdäki ýyl bir radio söhbetdeşliginde: "Arap bahary öz hökümetini saýlamakda halkyň erkin bolmalydygyny görkezýär" diýdi.

"Köp ýyllap Birleşen Ştatlar bilen onuň ýaranlary 'demokratiýadan we erkinlikden howpsuz deňlik' diýen ýoly has köp ileri tutdular. Ýöne ýene bir gezek gaýtalaýaryn, bu [ýurduň] öz içinden dömüp çykmaly. Amerika demokratiýany, öz islegini olaryň üstüne ýükläp bilmez. Orsýet muny Owganystanda tejribe edindi. Biz iki sany gaty harajatly urşa girdik. Bu bize ýene bir sapak boldy. Biz Wetnamda synanyşdyk. Bu netije bermedi. Nähili-de bolsa, gelmeli kararlaryna adamlaryň özi gelmeli. Şol sebäpden biz hemişe dogry tarapda bolmaly, bu şahsyýet we azatlyk" diýip, Heýgel nygtady.