Krowe: Kömek işgärleri garaşsyz bolmaly

Owganystandaky bir gyzjagaz

Kömek guramalarynyň işgärleri özleriniň Owganystanda we Pakistanda harby güýçlerden özbaşdak iş alyp barmalydyklary, şeýdilmese, ýerli ilatyň hem söweşijileriň özlerine gozgalaňa garşy kampaniýanyň bir bölegi hökmünde garamak howpunyň bardygyny ençeme ýyl bäri aýdyp gelýärler.

Medisina işgärleriniň ýörite nyşana alnyp, olara Owganystanda we Pakistanda edilýän hüjümleriň barha artmagy bu duýduryşlaryň möhümdigine we esaslydygyna şaýatlyk edýäne meňzeýär.

Öten hepde Pakistanda ýaragly adamlar tarapyndan bu ýurtda poliomiýelit waksinasyny geçirýän sekiz adam öldürildi.

Owganystanda we Pakistanda iş alyp barýan saglyk işgärleri işleýän regionlarynda gozgalaňa garşy geçirilýän harby operasiýalar sebäpli özleriniň gorkyň içindediklerini aýdýarlar. Olaryň bellemegine görä, söweşijiler kömek guramalarynyň işgärlerine aňtaw gulluklarynyň we harby güýçleriň agentleri diýip garaýarlar.

Goramagyň iň gowy ýoly

UNICEF-iň sözçüsi Sarah Krowe kömek işgärlerini goramagyň iň gowy ýoly olaryň iş alyp barýan regionlarynyň ýaragly güýçlerden garaşsyz bolmagy diýýär: "Saglyk işgärleri ýa kömek işgärleri - häzirki aýratyn ýagdaýda poliomiýelit sançgysyny geçirýänler - hemişe gorag astynda bolmaly, ýagny olaryň iş alyp barýan ýerleri howpsuz bolmaly. Syýasy taraplaryň hiç biri muňa garyşmaly däl. Ynsanperwerlik sferasy mukaddes. Ol şeýle bolup hem galmaly. Sebäbi bu ýerde gürrüňi edilýän diňe bu poliomiýelit işgärleriniň we saglyk işgärleriniň saglygy, jany däl. Bu olaryň hyzmat edýän çagalaryny hem öz içine alýar. Ynsanperwerlik sferasynyň mukaddes bolup galmagynyň sebäbi şol".

Ýöne "Amnesty International" guramasynyň barlagçy işgäri Mustafa Kadriniň aýtmagyna görä, harby operasiýa hem Owganystanda hem-de Pakistanda ynsanperwerlik işgärleri bilen esgerleriň arasyndaky çyzygy aýyl-saýyllykdan çykarypdyr.

"Bu çäk Owganystanda, elbetde, bulaşdyryldy. Ol ýerde konfliktde öz maksadyňa ýetmek üçin harby däl ilatdan, kömek işgärlerinden peýdalanmaga ýykgyn edildi. Munuň praktiki netijesi halka weýrançylyk getirip bilýär" diýip, Kadri belleýär.

Bu aralykda Pakistanda birnäçe yslamçy ruhany ýokanç keseliň ýaýramazlygy barada geçirilýän programma özleriniň garşydyklaryny aýtdylar. Munuň sebäbi ozal Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) bir pakistanly çawuşynyň Osama bin Ladeniň nirede gizlenýändigini tapmak üçin gepatite garşy galp sançgy kampaniýasyny ýola goýanlygyndan.

Ýöne kömek guramalaryny aladalandyrýan ýeke Abbottabatda geçirilen galp kampaniýa däl.

Bir şwed kömek guramasy - Owganystan üçin Şwed komiteti - oktýabr aýynyň aýaklarynda özüniň Owganystanyň Wardak welaýatyndaky klinikasyny NATO-nyň üç günläp tussaghana we harby operasiýalar üçin merkez edip ulanandygyny aýdýar.

Şwed komitetiniň Owganystandaky direktory Andreas Stefanssonyň aýtmagyna görä, bu waka näsaglaryň hem işgärleriň medisina merkezi bitarap ýer hökmünde hormatlanmaly diýen ynamyna zyýan ýetiripdir.

"Biz muny beýle goýmakçy däl. Biz beýleki saglyk işgärleri bilen birlikde ýagdaýyň gowulanmagy üçin edýän basyşymyzy dowam etdirmekçi. Sebäbi ýurtda saglyk merkezleri we keselhanalar barada edilýän şular ýaly işler köp gaýtalanýar" diýip, Stefansson aýdýar.