Bütindünýä banky Yraga $900 million goldaw berjekdigini aýdýar

Bütindünýä banky Yrakda iş mümkinçilikleriň döredilmegi, edaralaryň gurulmagy we Yragyň resurslarynyň has gowy dolandyrylmagy üçin 900 million amerikan dollary kömek bermegi planlaşdyrýar.

Sişenbe güni çap edilen beýanatda nygtalmagyna görä, Bütindünýä banky we Yrak hökümeti tarapyndan ösüşiň dört ýyllyk plany işlenip taýýarlanylypdyr.

Bu strategiýa, Yragyň “öz resurlaryny has netijeli dolandyrmagyna” kömek etmegi hem-de ykdysadyýetiň we hususy pudagyň ösmegi üçin diwersifikasiýany gowulandyrmagy maksat edinýär.