Täjigistanyň paýtagty Duşenbede şu ýyl iki sany arça agajy goýular. Paýtagtyň häkimi Mahmadseýit Ubaýdulloýew şu ýyl täze ýyl baýramçylygynyň geçen ýylkysyndan has uly tutumda bellenjegini wada berdi.
Duşenbedäki baýramçylyk dabaralary konsertleri, feýerwerkleri we azyk önümleriniň bazarlaryny öz içine alar. Sowet döwrüniň däp-dessurlaryna laýyklykda, aýaz baba agtygy bilen öýlere aýlanyp, çagalara süýji paýlarlar.
Täjigistan
Paýtagtyň häkimligi täze ýyl baýramçylygynyň hiç bir dine degişli däldigini we onuň “Ysa pygamberiň doglan gününe gatnaşygynyň ýokdugyny” aýtdy.
Bu resmi beýannama, Täjigistanyň Yslam galkynyş partiýasynyň gazeti paýtagtda arça agajyny goýmazlyga täjik resmilerini ündänsoň edilipdi.
“Duşenbäniň ýaşaýjylarynyň diňe üç prosenti etnik orslar, galanlary musulman”, diýip “Najot” gazetiniň baş redaktory Muhibollo Kurbon öz makalasynda ýazdy. Onuň pikiriçe, täze ýyl baýramçylygynda arça agajynyň dikilmegi ýaş musulmanlar üçin manysyz.
Kurbon täze ýyl baýramçylygyna sarp ediljek puly Täjigistanda ýaşaýan garry hristianlara kömek beremek üçin ulanmagy teklip etdi.
Gyrgyzystan
Täjigistan bilen goňşy Gyrgyzystanda kanun çykaryjy Tursunbaý Bakir Uulu ýaşlara ýüzlenip, täze ýyl baýramçylygyny bellemezlige çagyrdy.
Geçen hepdede Bişkekde studentler bilen duşuşygynda, ýurduň ynsan hukuklary boýunça ozalky wekili Tursunbaý Bakir Uulu täze ýyl baýramçylygyny bellemekligiň yslamyň däp-dessurlaryna ters gelýändigini belledi.
Onuň pikirine görä, kanun çykaryjylar yslama degişli bolmadyk ýene birnäçe baýramçylyklary, şol sanda 8-nji martda halkara aýallar baýramçylygyny we 1-nji maýda halkara zähmet gününi ýatyrmaly.
Tursunbaý Bakir Uulu yslama degişli bolmadyk baýramçylyklary bellemegiň nädogrydygyny aýtdy.
Gyrgyzystanyň Bilim ministrliginiň metbugat wekili Kerez Žukeýewa kanun çykaryjynyň bu çykyşyny kommentirledi we studentler bilen duşuşyklaryň “diniň propagandasy üçin” ulanylmaly däldigini aýtdy.
Bakir Uulunyň çagyryşlaryna garamazdan, ýurtda täze ýyl baýramçylygyna giň taýýarlyk görülýär.
Bişkekde we Oşda arça agaçlary goýuldy. Prezidentiň köşgünde üstünlikli studentler we beýleki myhmanlar üçin her ýylda bolşy ýaly, täze ýyl dabaralary geçiriler.
Özbegistan
Şol bir wagtyň özünde-de Dakentde resmiler, döwlet telewideniýesinde täze ýyl baýramçylygynyň aýaz baba ýaly simwollarynyň görkezilmegine gadagançylygyň girizilenligi baradaky garaşsyz maglumatlary ret etdiler. Özbegistanyň Medeniýet ministrligi şeýle maglumatlaryň esassyzdygyny aýtdy.