Ysraýylyň daşary işler ministri Awigdor Liberman özüne bildirilen käbir aýyplamalaryň yzy bilen öz wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.
Bu barada anna güni ýaýradan beýanatynda ol: “Men özümiň hiç hili jenaýat etmändigimi bilýärin. Ýöne, şeýle-de bolsa, men daşary işler ministri we premýer-ministriň orunbasary wezipelerimden çekilmek kararyna geldim” diýip belläpdir.
Şu geçen hepdäniň çarşenbe güni Ysraýylyň baş prokurory Ýehuda Weýnsteýn jenap Libermane “özüne bildirilen ynamdan hyýanatçylykly peýdalanmakda” aýyplama bildirdi.
Bu baradaky resmi aýyplamada Awigdor Libermene öz işi bilen baglanyşykly käbir dokumentleri Ysraýylyň Belarusdaky ozalky ilçisinden alyp, olary ýaşyranlykda güman bildirilýändigi aýdylýar.
Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, baş prokuror onuň maliýe galplylarynda we pul ýuwuşlyklarda günäsizdigini öňe sürdi. Awigdor Libermane garşy maliýe galplyklarynda bildirilýän aýyplamalar boýunça derňew işleri indi 12 ýyl bäri dowam edip gelýär.