Türkmenistan: Ilat ýazuwy başlandy

Türkmenistanyň mobil operatorynyň ilat ýazuwy barada müşderilere iberýän bildirişleri. Dekabr, 2012.

Şenbe güni Türkmenistanda ähliumumy ilat ýazuwy başlandy. 26-njy dekabra çenli dowam etjek bu ilat ýazuwynyň barşynda ilatyň ýaşaýyş jaý fondy bilen baglanyşykly maglumatlar-da hasaba alnar.

Bu ilat ýazuwynyň maksadynyň Türkmenistanyň ilat sany, raýatlaryň ýaşaýyş jaý şertleri, maşgala ýagdaýy, girdeji çeşmeleri, hususy emläkleri, raýatlaryň dil başarnyklary, şeýle hem oba we şäher ilatynyň mynasybeti ýaly meseleler boýunça doly maglumat bazasyny döretmekden ybaratdygy habar berilýär.

Bu baradaky maglumatlar ilat ýazuwyny amala aşyryjy we ýörite taýýarlyk geçen meýletinçiler tarapyndan toplanar. 15-nji dekabrdan 26-njy dekabra çenli aralykda ilat ýazuwyny amala aşyrmak boýunça Türkmenistanda jemi 700 sany stasionar uçastok iş alyp barar.

Ilat ýazuwynyň aýratynlygy

Bu ilat ýazuwynyň barşynda öz raýatlygynyň haýsy ýurda degişlidigine garamazdan, Türkmenistanyň territoriýasynda hemişelik ýaşaýan, şol sanda ýurduň territoriýasyny wagtlaýynça terk eden ähli raýatlaryň hasaba alynmaga degişlidigi habar berilýär.

Türkmenistanda 1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň demografik görkezijisi.

Maglumata görä, raýatlar özleriniň hemişelik ýaşaýan ýerlerine laýyklykda ýazga alnar. Raýatlaryň hemişelik ýaşaýan ýerleriniň bolsa, olaryň propiska duran adreslerine gabat gelip-de, gabat gelmän-de biljekdigi aýdylýar.

Ilat ýazuwy arkaly toplanan bu maglumatlar soňra Aşgabatdaky ýörite kompýuter merkezinde ýazuw kagyzlaryny skanirlemek, olardaky maglumatlary anyklaşdyrmak, deňeşdirmek we olara düzedişler girizmek arkaly, gaýtadan işlener.

Maglumata görä, şol tertipleşdirilen gutarnykly maglumatlar soňra bitewi bir maglumat bazasyna ýerleşdiriler.

Häzirki geçirilýän ähliumumy ilat ýazuwy garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda geçirilýän ikilenji ilat ýazuwydyr. Mundan ozal şeýle ilat ýazuwy 17 ýyl mundan ozal, ýagny 1995-nji ýylda geçirilipdi. Şol ilat ýazuwynyň netijesine görä, Türkmenistanyň şol wagtky ilat sany 4.5 milliona golaý diýlip yglan edilipdi.