“Günorta Akym” gazgeçirijisi gaz geçirermi?

"Günorta Akym" gazgerijisiniň gurluşygynyň başlanmagy mynasybetli dabaradan bir pursat. Orsýet. 7-nji dekabr, 2012 ý.

”Gazprom” Gara deňziň aşagyndan Ýewropa Bileleşigine tebigy gaz akdyrmaly geçiriji ”Günorta Akymyň” suwasty böleginiň gurluşygyna şu hepde başlanjakdygyny aýdýar. Orsýetiň Gara deňziň ýakasynda ýerleşýän şäherçesi Anapada 7-nji dekabrda, anna güni, bu gurluşygyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi.

Ýöne bu, dogrudanam, başa bararmy?

Ýewropa Bileleşiginiň resmileriniň aýtmagyna görä, gazgeçirijiniň ugry boýunça mesele Brýusselde çözülmeli. Onuň hem bir ýyldan bärde oňlanasy ýok.

Ýewropa Bileleşiginiň energiýa boýunça komissarynyň sözçüsi Marlena Holzneriň bellemegine görä, bu ”Günorta Akyma” maýa goýmak kararyna gutarnykly gelinmändigini, bu golaýda hem gelnerli görünmeýändigini aňladýar: "Günorta Akyma” maýa goýmak barada gutarnykly karara gelnendigi barada bizde anyk maglumat ýok. Sebäbi adaty ýagdaýda bu adalgany ulansaň, gutarnykly maýa goýma kararyny agzamazdan öň edilmeli dürli işler bar. Ýewropa komissiýasyna bir gutarnykly ýol bar diýip hiç haçan aýdylanok, ýagny ”Günorta Akym” nireden başlanyp, nirede soňlanýar, ol haýsy ýurtlardan geçýär, bu belli edilenok. Onuň bu ýolda töwerege näme täsirleri etjekdigi barada hem gelnen netijler ýok. Biziň synymyz şeýle, biz muňa gutarnykly maýa goýmak karary hökmünde garamzok".

”Günorta Akym” ors gazyny Gara deňziň aşagy bilen Ýewropa Bileleşigine akdyrmaly. ”Gazprom” ol Türkiýäniň suwlaryndan Bolgariýa geçer, ol ýerden hem Serbiýa, Wengriýa, Sloweniýa we Awstriýanyň üsti bilen demirgazyk Italiýada halkara paýlanyş ulgamyna biriger diýýär.

Ýewropa Bileleşiginiň kanuny munuň bu ýurtlaryň ählisi hem-de Ýewropa komissiýasy tarapyndan oňlanmagyny talap edýär.

Orsýet Ýewropa Bileleşiginde durýan we bu iş bilen ilteşikli döwletler bilen gerekli döwletara şertnamalary baglaşandygyny aýdýar. Ýöne Ýewropa komissiýasy bu şertnamalary görmändir.

Ýewropa Bileleşigine agza döwletler bu dokumentleri Brýussele aňyrsy 2013-nji ýylyň 16-njy fewralyna çenli ibermeli.

Orsýet-Ýewropa söwda otagynyň başlygy Sergeý Şuklin anna güni Anapada geçjek dabara suwasty gurluşyk işleri däl-de, diňe bir lenta kesme dabarasy bolar diýen pikir bilen ylalaşýar: "Hawa, men munuň bilen ylalaşýaryn. Ýöne ol başlanar. Bu iş bilen Orsýet özüniň bu proýekte çynlakaý garaýandygyny görkezýär. Olar munuň bolmagyny isleýärler. Olar ilki Ýewropa komissiýasy, soňra hem bu proýekte goşulýan ýurtlaryň hökümetleri bilen gürleşerler. Şeýlelikde ähli zat Ýewropa Bileleşiginiň kanunlaryna laýyklykda tamamlanar. Aýratyn-da Orsýetiň ýap-ýaňy Dünýä söwda guramasyna agza bolanlygy üçin".

Robert Katler Kanadanyň Karleton uniwersitetiniň Ýewropa, Orsýet we Ýewraziýa barlaglary institutynda ylmy işgär. Onuň garaýşyça, ”Gazpromyň” ”Günorta Akymyň” gurluşygyna başlanýar diýip yglan etmegi Orsýetiň içerki syýasaty bilen-de baglanyşykly: "Wladimir Putin ors telewideniýesinde premýer-ministr Medwedewe bu gazgeçirijiniň gurluşygyna 2012-nji ýylyň aýagyna çenli başlamaly diýip, göni buýruk berdi.