Aşgabatda GDA-nyň sammiti açyldy

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine girýän döwletleriň baştutanlary Aşgabatdaky sammitde. 5-nji dekabr, 2012 ý.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine girýän döwletleriň baştutanlary, guramanyň sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna ýygnandylar.

Aşgabatdaky sammite Moldowadan, Azerbaýjandan we Gyrgyzystandan beýleki agza ýurtlaryň hemmesiniň prezidentleri gatnaşýar.

Gepleşikleriň dowamynda 11 agza döwletiň özara ykdysady we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça maslahatyň edilmegine garaşylýar.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň berýän maglumatyna görä, sammitiň dowamynda 20-ä golaý resminama garalar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ortada) GDA-nyň Aşgabatdaky sammitinde. 5-nji dekabr, 2012 ý.

1941-45-nji ýyllar aralygynda Beýik Watançylyk urşunyň 70-i ýyllygyny bellemek baradaky beýanatyň taslamasyna ilkinji nobatda garalar diýlip garaşylýar. Dokumentiň agza döwletleriň wekilleri bilen maslahatlaşylyp, onda ýetip gelýän baýramçylygyň juda möhümligi nygtalýandygy aýdylýar.

Sammitiň dowamynda geljek 2013-nji ýyly “GDA-da Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak ýyly” diýip atlandyrylmagyna hem garaşylýar.

Habar serişdelerinde ýerleşdirilen maglumata görä, gepleşikleriň netijesinde GDA-nyň Ykdysady sudunyň wekiliniň kandidaturasy tassyklanar, GDA döwletleriniň terrorçylyga garşy Merkeziniň başlygy hem belleniler.

Şeýle-de sammite gatnaşýan ýokary derejeli resmiler öz aralarynda hem ençeme ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirerler.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

GDA-nyň ýolbaşçylary Aşgabatda duşuşýar


“Kyivpost” web saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, 2011-nji ýylda GDA döwletleriniň arasyndaky söwda dolanyşygy 281 milliard dollara deň bolupdyr. Bu görkeziji 2010-njy ýyl bilen deňeşdirlende 36% ýokarydyr.

GDA-nyň sammiti Aşgabatda eýýäm ikinji gezek geçirilýär. 1993-nji ýylyň dekabrynda Gurama agza döwletleriň baştutanlary, postsowet giňişligindäki ykdysady integrasiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşypdylar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasy 1991-nji ýylyň dekabr aýynda esaslandyrylypdy. Baş edarasy Belarusyň paýtagty Minskde ýerleşýän bu guramanyň düzümine 11 ýurt girýär.

Türkmenistan 2005-nji ýylda guramanyň hemişelik agzalygyndan çykyp, onuň düzüminde assosirlenen agza hökmünde galdy.

2013-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda, GDA-nyň geçiji başlyklygy Türkmenistandan Belarusa berler.