Türkmen estradasynyň tanymal aýdymçysy Nurmuhammet Meredow, mundan iki ýyl ozal, 2010-njy ýylyň 5-nji dekabry agşam 38 ýaşynyň içinde dünýäden ötdi.
Il arasynda “Nury kasoý” lakamy bilen hem tanalýan, meşhur bagşy 6-njy dekabrda Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşigindäki Seýit Jemaleddin öwlüýäsinde jaýlanypdy.
Nurmuhammediň ölüminden soň, “Youtube” saýtyndaky onuň wideolarynyň aşagynda, sosýal ulgamlarynda ýüzlerçe adam özüniň gynanjyny bildirip, oňa “iman baýlygyny” we “ýatan ýeriniň ýagty bolmagyny” diläp köp sanly teswir galdyrypdyr.
Nury 1990-njy ýyllaryň başynda özüniň estrada we halk aýdymlary bilen ýaşlaryň we ýaşuly nesliň arasynda uly meşhurlyk gazanyp başlapdy. Şol döwürler bagşynyň ýerine ýetiren aýdymlaryny Türkmenistanyň ähli künjeklerinde eşitmek bolýardy.
http://www.youtube.com/embed/lLyLA-r8Y0k
Nurmuhammet Meredow heniz 19 ýaşyndaka Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ilkinji ýylynda geçirilen “Ýaňlan Diýarym” bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy-da başarypdy.
Nury Meredow ilki başda ussat bagşy Akmuhammet Saparowyň şägirdi hökmünde tanalan hem bolsa, soňra ol öz estrada ýoluny döretmegi başarýar. Häzir oňa öýkünip aýdym aýdan bagşylar barmak basyp sanardan köp.
Iki ogluň, bir gyzyň atasy Nurmuhammet Meredow gysga ömründe halypa hökmünde hem ykrar edilip, dünýeden ötdi.
Nurynyň aradan çykmagy bilen, onuň şägirtleri özleriniň halypasyny ýatlap onlarça aýdymdyr wideo kliplerini hem döretdiler.
Türkmen aýdym-saz sungatynyň ýyldyzy Nurmuhammet Meredowyň repertuarynda 1000-e golaý aýdym bolup, onuň aýdymlary toý bagşylarynyň arasynda iň köp aýdylýan aýdymlara öwrüldi.