Türkmen prezidenti Ermenistana sapar edýär

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Ýerewan. 29-njy noýabr, 2012 ý.

Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Ermenistanyň paýtagty Ýerewana bardy.

Iki günlük saparyň çäginde, penşenbe güni, Ýerewanda Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ermeni kärdeşi Serž Sarkisýan bilen gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň netijesinde, iki prezidentiň bilelikdäki beýannamasy, şeýle-de ençeme hökümetara, şol sanda iki ýurduň arasyndaky howa gatnawy, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyklara hem gol goýuldy.

Duşuşykdan soň geçirilen metbugat konferensiýasynda Gurbanguly Berdimuhamedow iki taraplaýyn gepleşikleriň juda gowy we konstruktiw geçendigini belläp, gepleşikleriň dowamynda esasan, iki ýurduň halkara, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar pudagyndaky özara gatnaşyklaryny ösdürmek barada gürrüň edilendigini aýtdy.

Berdimuhamedow çykyşynda halkara gatnaşyklary we syýasaty babatynda Türkmenistanyň Ermenistan bilen garaýşynyň deň gelýändigini hem aýtdy.

Berdimuhamedow: “Ýaňy hem bellenilip geçilişi ýaly, halkara syýasaty barada aýdylanda, halkara gatnaşyklary meselesinde Türkmenistanyň Ermenistan bilen bir garaýşy bar. Ýagny bu durnuklylyk we howpsuzlyk meseleleri, müňýyllygyň ösüşi, şeýle-de biz ähli ädimlerimizi halkara guramalarynyň goragy astynda alyp barýarys”.

Çykyşynyň dowamynda, türkmen prezidenti geljek, 2013-nji ýylda beýleki döwletleriň we daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda türkmen-ermeni ykdysady forumyny geçirmegi teklip etdi.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sakisýan bu teklibiň kabul edilendigini aýdyp, beýlekiler bilen bir hatarda, howa gatnawy hakyndaky baglanyşylan ylalaşygyň hem möhümdigini nygtady.

Sarkisýan: “Biz şular ýaly resminamanyň, iň bärkisi, iki ýurduň resmi we adaty raýatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryny, syýahatçylygy, student alyş-çalşygyny ösdürjekdigine ynanýarys”.

Ermenistana edýän saparynyň çäklerinde, türkmen prezidenti ähli ermenileriň baş patriarhy, onuň merhemetlisi Karekin II, şeýle-de Ýerewanyň döwlet uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary bilen duşuşar.

Aşgabat bilen Ýerewanyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.http://w.soundcloud.com/player/?url=http%3A%2F%2Fapi.soundcloud.com%2Ftracks%2F69312856&show_artwork=true