Amerikan atleti we onuň Gürjüstandaky maşgalasy

Gürjüstanda doglan amerikan ýüzüjisi Elizabet Ston ejesi Linda bilen Londondaky paralimpiýa oýunlarynda. 2012 ý.

"Liana, beýle sandyrap durma, gorkma! Birleşen Ştatlarda onuň hal-ýagdaýy gowy. Oňa biri kömek edipdir".

Ekin meýdanynda işläp, bili bükülen 73 ýaşly Liana goňşusynyň bu sözlerine gözüniň ýaşyny süpürip, "Ketewan" diýip seslenýär… Bu indi Liana bilen onuň maşgalasy üçin-de, olaryň Gürjüstanyň Dihaşho obasyndaky goňşulary üçin-de doga-ybadata öwrülen at.

Maýyp doglan çaga

Liana, sag aýagynyň dyzdan aşagy ýok, maýyp doglan gyzy Ketewany, kime-de bolsa birine gyzlyk bermeli edipdir. Gyzynyň diňe bir janynyň sag bolanyny däl, eýsem dunýäniň ol çetinde paralimpiýa oýunlarynda ýeňiş üstüne ýeňiş hem gazanyp ýörenini dogran ejesi ýaňy eşidipdir.

Ýöne Ketewan indi 20 ýyla golaý bäri Ketewan däl-de, 22 ýaşly amerikaly ýaş zenan Elizabet Ston. Ol özüni gyzlyga alan ejesi Linda Stonyň goldawy bilen maýyplygy ýeňip, dünýä derejesindäki ýüzüji bolup ýetişipdir.

Elizabet öz dogduk maşgalasyndan bir gün habar düşer diýip, asla pikir hem etmändir:

"Men özümiň näme üçin gyzlyga berlenimi bilmeýärdim. Ýöne hemişe munuň meniň gowy ýaşamagym üçin edilendigine ynanýardym. Bu işi maňa soňra medisina kömegi gerek boljakdygy, munuň hem ýagdaýy agyr maşgalama gymmat düşjekdigi bilnip edilendigini çaklaýardym. Ýöne özümiň biologik maşgalama gaharymyň gelen ýa olar barada ýaramaz pikirleri eden mahalam ýok".

Ýagdaýy adatdakydan parhly bolan bu maşgala agzalaryny biri-birine gaýtadan duşurarly görünýän öwrülişik ýaňy awgust aýynda Londanda geçen paralimpiýa oýunlarynda ýola düşüp ugrady.

2008-nji ýylda Pekinde suwda ýüzmek boýunça kümüş medal alan Ston 2012-nji ýylda Londonda bürünç medala mynasyp boldy.

Birleşen Ştatlaryň paralimpiýa ýyldyzy

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bu ýaryşlar gidýärkä, gyzlyga alnan bu maýyp, asly gürjüstanly sportçynyň Birleşen Ştatlaryň paralimpiýa ýyldyzy bolandygy barada söhbetdeş bolmak üçin Ston bilen habarlaşdy.

Gyzyň radiodan berlen gysgaça biografiýasy onuň dogduk ýurdunda köp adamlaryň ünsüni özüne çekdi. Ondan az wagt soň bir adam Radionyň Tbilisidäki edarasyna jaň edip, özüniň agzalýan maşgalanyň garyndaşydygyny aýtdy. Şeýlelik bilen biziň habarçymyz Gürjüstanyň Imereti regionynda ýerleşýän Dihaşho obasyna baryp, Liana Hurtsidze we onuň ekiz çagalary bilen duşuşdy.

Liana Hurtsidze, Elizabeti dogran ene. Dikhaşho (günbatar Gürjüstan)


"Biz ekizleri eklemek üçin ýer sürüp gezdik. Başga bir serişdämiz ýa girdejimiz bolmady. Soňra adamymyň pensiýa almagy bize kömek boldy. Ol soňra aradan çykdy.

Adamym ölüm ýassygynda ýatyrka, menden ekizleri açlykdan öldürmän saklamagy haýyş etdi. Ol Ketinony hiç haçan ýadyndan çykarman gezdi. Hemişe ony ýüreginde saklady - ol bizden nädip gitdi! Men gyzymy ömrümde birje gezek göreýin diýip, mydama Hudaýa ýalbaryp gezdim. Islegim üç çagamyň hemmesini bilelikde görmek boldy" diýip, Liana aýdýar.

Elizabeti ekläp-saklan häzirki ejesi Linda indi Hurtsidzeleri görmek üçin Gürjüstana gitmek barada oýlanýandyklaryny aýdýar.

Elizabet öz dogduk maşgalasy bilen duşuşmagyň nähili duşuşyk boljakdygy barada şu wagta çenli oýlanyp görmändir:

"Dogrymy aýtsam, men bu iş bolar diýip, asla pikir etmändim. Bu barada asla oýlanamok. Gürjüstana baryp, öz dogduk ýurdum we onuň medeniýeti barada köp zatlary hemişe öwrenesim gelýärdi. Mundan nämä garaşmalydygyny bilemok. Garaşýan zadym hem ýok. Olar iňlisçe bilenok, biz-de gürji dilini bilemzok. Şol sebäpden bu dünýäniň iň ajaýyp duşuşygy bolar öýdemok. Ýöne muňa gaty oňaýly garaýaryn".