Orsýetiň adam hukuklaryny goramak boýunça tanymal aktiwistleri üstümizdäki hepdede özlerini "Daşary ýurtlaryň agentleri" diýip hasaba aldyrmak baradaky kanuny bozjakdyklaryny bildirdiler.
Orsýetiň abraýly adam hukuklary toparlary 21-nji noýabrda güýje giren täze kanuny ret edýärler. Bu kanunda daşary ýurtlardan maliýe kömegini alýan hökümete degişli däl guramalardan özlerini "daşary ýurtlaryň agenti" diýip, hasaba aldyrmak talap edilýär.
Bu kanun diňe "syýasy taýdan işjeň" diýip, düşnüksiz tapawutlandyrylan ugurda iş alyp barýan guramalara gönükdirilen.
Orsýetiň iň gadymy hukuk topary – Moskwa Helsinki toparynyň düýbini tutan 85 ýaşly Lýudmila Alekseýewa bu kanuny "bolgusyz" diýip atlandyryp, ony ýerine ýetirmejekdigini aýtdy: "Bu adam hukuklary işgärleriniň - kanuny harpma-harp ýerine ýetirýän adamlaryň - ilkinji gezek kanundan çykmagy. Bu kanun bizi bir çykgynsyz ýagdaýda goýýar. Biz onda talap edilişi ýaly, özümizi daşary ýurtlaryň agenti diýip hasaba aldyryp bilmeris. Sebäbi bu ýalňyş maglumat bermek bolýar".
Metbugatda berlen habarlara görä, bu ugurda iş alyp barýan onlarça topar bu kanuna boýun egmezlik kampaniýasyna goşulýar. Orsýetiň ýokary derejeli resmileri bolsa kanun doly ýerine ýetirilmeli diýip, aýdýan zatlaryny birsyhly gaýtalaýarlar.
"Kanun kabul edildi"
Dumanyň başlygy Sergeý Naryşkin duşenbe güni: "Men diňe bir zady aýdyp bilýärin. Bu kanun kabul edildi. Ol ýerine ýetirilmeli" diýdi.
Hökümete degişli däl bir gurama bu kanuny ýerine ýetirmedik halatynda häkimiýetler 6 aýa çenli onuň işini togtadyp bilýärler.
Kanunda bu guramalardan, özlerini hasaba aldyrmakdan daşgary, halka edýän hyzmatlarynda we ýaýradýan resmi ýazgylarynda hem özleriniň "daşary ýurtlaryň agentleridiklerini" mälim etmekleri talap edilýär.
Kanunda şeýle hem ony ýerine ýetirmedik guramalara 100 müň rubl bilen 300 müň rubl aralygynda jerime salmak göz öňünde tutulýar. Kanuny bozmak işini gaýtalan guramalaryň garşysyna jenaýat işi gozgalar.
"Memorial" hukuk goraýjy guramanyň başlygy Oleg Orlow bu kanun "bütinleý gümürtik" diýdi. Ýöne ol öz boýkotyny näderejede dowam etdirjekdigini aýtmady.
Adam hukuklary prosesleri bilen iş salyşýan aklawçy Ýewgeniý Arhipow hem kanunda aýdyňlygyň ýokdugyny belläp, "ýöne onuň ýerine ýetirilmeginiň öňkülere esaslanmagy mümkin" diýdi.
Arhipow boýkotyň berjek netijerline umytly garanok: "Meniň pikirimçe, hökümete degişli däl guramalaryň sanksiýalar bilen jezalandyrylmagy gaty ähtimal. Olara jerime salnar, sud jogapkärçiligine çekiler. Bir konflikt turar".
Moskwaly syýasy analitik Dmitriý Oreşkiniň pikiriçe, bu kanun nätseňem, barybir häkimiýetleri utuşly orunda goýýar. Kanuny ýerine ýetirmedik topar nyşana alnyp bilinýär. Ony ýerine ýetirenler hem özüni abraýdan düşürýär".
21-nji noýabrda bir Facebook ulanyjy "Adam Hukuklary" guramasynyň gapysynda bir surat ýerleşdirdi. Onuň ýüzünde "Daşary ýurtlaryň agenti" şeýle hem "Men ABŞ-y gowy görýärin" diýen ýazgy bar.