Orsýet: Adam hukuklary boýunça aktiwistler täze kanuna garşy çykýarlar

Orsýetde hökümete degişli bolmadyk onlarça gurama, ýurduň olar babatyndaky täze kanunçylygyna boýun bolmakdan ýüz öwürýär.

Şu ýylyň başynda kabul edilen kanuna görä, daşary ýurtdan maliýeleşdirilýän hökümete degişli bolmadyk guramalar, 21-nji noýabra çenli “daşary ýurtly agent” diýip hasaba alynmaly.

Çarşenbe güni näbelli adamlar, adam hukuklary boýunça iş alyp barýan “Memorial” merkeziniň binasynda “Men daşary ýurduň agenti. Men ABŞ-ny söýýän” diýen ýazgyny galdyrypdyr. Merkeziň ýolbaşçysy Oleg Orlow bu wakany gürrüňi gidýän kanun bilen baglanyşdyrýar.

Orlow hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, bu kanunyň daşary ýurtdan maliýe kömegini alýan ähli kişini içaly diýip, bir aýakdan süýändigi üçin garşy çykýandyklaryny aýtdy.