Moskwanyň söwda merkezininiň ýerzemininde 10 ýyl bäri gul hökmünde saklanan zenanlar Leýla Aşyrowa bilen Bakiýa Kasymowada, hukuk goraýjylar tarapyndan azat edilensoňlar, azaplarynyň tamamlanandygyny aýtmaga doly esas bardy.
Ynha, şol wakadan soň aktiwistler herekete geçdiler. Olar görkezilen gazaplylyk we ýesirlik barada mediada çykyş etdiler. Munuň netijesinde Orsýetiň resmileri jenaýat işini gozgadylar.
Gazagystanyň Daşary işler ministrligi gazak raýatlarynyň Orsýetde ýesirlikde saklanýandygy barada özüniň Moskwadaky ilçihanasyna yzygiderli maglumat gowuşýandygyny aýdansoň, bu baradaky dawa ulalyp, halkara derejesine çykdy.
Ýöne soňra bu mesele birden tersine öwrüldi. Şu aýyň başynda, ýagny 9-njy noýabrda, polisiýa Aşyrowany we Kasymowany Orsýetiň territoriýasynda degişli resminamalary bolmazdan, bu ýerde bikanun ýaşamakda aýyplady.
Agzalýan wakanyň pidalary bolsa dokumentlerini özlerini ýesirlikde saklanlaryň has öň ellerinden alandygyny aýdýarlar. Olaryň adwokatlary bu ýagdaýy “olary deportasiýa etmek üçin edilen gizlin bir haýbat” diýip häsiýetlendirdi.
Geçen hepde, 13-nji noýabrda, prokuror jenaýat işini açmak üçin hiç hili deliliň ýokdugyny öňe sürüp, aýallaryň ogurlanmagy bilen bagly derňewi togtatdy.
10 ýyl mundan öň Gazagystandan baran 26 ýaşly özbek - Aşyrowanyň adwokaty Irina Birýukowanyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda iki zenan hem deportasiýa edilmejek bolup, tagalla edýärler. Şeýle-de olaryň howpsuzlygy barada hem aladalar bar.
"Gyzlar hakykatdan hem örän kyn ýagdaýda. Sebäbi indi olaryň jenaýat derňewi bilen baglanyşygy ýok. Bu ýagdaý resmileriň gözünde olaryň Orsýetiň territoriýasynda bikanun ýaşaýandygyny görkezýär. Elbetde, resmiler olary nähili-de bolsa deportasiýa etmek islärler. Ýöne biz muňa ýol bermezlik üçin elimizden gelenini etmäge synanyşýarys." diýip, Birýukowa aýtdy.
Aşyrowa we Kadyrowa 30-njy oktýabrda aktiwistler we žurnalistler tarapyndan Moskwanyň söwda merkeziniň ýerzemininden azat edilen, arasynda çagalar hem bolan 12 gazak we özbek raýatlarynyň diňe ikisidir. Olary Orsýete iş tapyp bermek wadalary bilen aldap getiripdirler. Olar derňewçilere 10 ýyl bäri ýerzeminde saklanandyklaryny we ony terk etmäge synanyşanlarynda ýenjilendiklerini gürrüň berdiler. Gyzlar özleriniň iş haklary üçin hiç zat tölenmändigini aýdýarlar.
Aşyrowa Moskwa baranda 16 ýaşynda eken. Ol Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ýesirlikde bolan 10 ýylynyň dowamynda duçar bolan ýagdaýlary barada şeýle gürrüň berdi: "Men öli alnyp gidilen bir ýaş zenany gördüm. Başga-da bir zenan maşgalanyň zorluk bilen alnyp gidilendigine şaýat boldum, sebäbi ol köp wagt bäri öýüne barmandyr. Ýene-de bir gyz ol ýeri terk etdi, sebäbi onuň bir aýagy gangrena bolupdy. Ol o taýda 10-15 ýyl işledi. Ol bizden hem öň barypdyr ekeni."
Ýöne Moskwanyň prokuraturasynyň metbugat wekili Ýelena Rossohinanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol ýerde gulçulygy alamatlandyrýan hiç hili delil ýok.
"Olar munuň gulçulykdygyny we özleriniň birnäçe ýyllap saklanandygyny aýdýarlar. Bu özbek zenanlaryny hiç kim saklanokdy, olar dükanlara, keselhanalara gidýärdiler. Olar özleriniň ýesirlikde saklanýandygy barada hiç kime şikaýat etmändirler. Bu jenaýat işiniň açylmagy üçin ýeterlik esas bolup bilermi? Bu örän uly sorag. Hemme zat şeýle ýönekeý" diýip, Rossohina öz pikirini delillendirýär.
"Alternatiwa" atly adam hukuklaryny goraýjy guramadan Oleg Melnikow prokuraturanyň aýdanlaryny "gözboýagçylyk" diýip, ret edýär. Aýallaryň halas edilmegi üçin operasiýa gurnan bu guramanyň işgäri Melnikowyň aýtmagyna görä, käbir ýesirlere diňe çaga dogurmak üçin bäbekhana gitmäge rugsat berlipdir. Doglan çagalary-da derrew ejeleriniň elinden alypdyrlar.
Melnikow resmileri bolan hadysanynyň üstüni basyrmak üçin derňew işini bökdemekde aýyplaýar. Şeýle hem ol bu meseläniň ýerli media tarapyndan sistematik ýagdaýda ünsden düşürilýändigini aýdýar.
"Bizde bar diýip aýdylýan durnuklylygy göz öňünde tutanymyzda, XXI asyrda Moskwada gulçulygyň bolmagy, meniň pikirimçe, uly bir mesele. Şol sebäpden hem olar muny ýok hasaplaýarlar we jenaýat işiniň gozgalmagyna rugsat bermeýärler. Onda ol ýerde korrupsiýa barada soraglar hem ýüze çykar" diýip, Melnikow aýdýar.