Türkiýäniň Stambul şäheriniň Saryýer etrabynyň Kümüşdere obasynda bir maldarçylyk hojalygynda işleýän Türkmenistanyň raýatlary, 23 ýaşyndaky Ramazan Babakow we onuň Gül atly ýoldaşy 12-nji noýabrda irden öli tapyldylar.
Türkiýäniň köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatlarynda agzalýan türkmenistanlylaryň 12-nji noýabrda bedenleriniň dürli ýerlerinden ýaralanyp, gynalyp öldürilendigi aýdylýar.
Stambulyň Saryýer etrabynyň Kümüşdere obasynyň arçyny Abdylla Gündogdy Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren interwýusynda jenaýatyň bolandygyny tassyklap, şeýle gürrüň berdi: "Doly manyda biziň hem maglumatymyz ýok. Howpsuzlyk güýçleri gerek bolan gözleg-agtaryş işlerini alyp barýarlar. Bolan jenaýata halkymyz gaty gynandy. Jenaýatyň ýerinde iki adam kesilip öldürilen ýagdaýda tapyldy. Olar ilkibada daşarda urşupdyrlar. Ondan soňra bolsa öýe girip, [güman edilýän jenaýatçylar] ikisini hem paltalap öldürip, bölekläpdirler".
Wakanyň nähili bolup geçenligi we oňa nämäniň sebäp bolandygy barada henize çenli jikme-jik maglumat berilmeýär. Emma Türkiýäniň köp tiražly "Hürriýet" gazetiniň maglumatyna görä, bu jenaýat hakdaky maglumaty 12-nji noýabrda irden bir aýal maşgala ýerli polisiýa gullugyna telefon arkaly habar beripdir. Soňra şol aýalyň hem göz astyna alnandygy aýdylýar.
Oba arçyny Abdylla Gündogdynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, agzalýan türkmenistanlylar şu ýylyň 29-njy maýynda Türkiýä gelip, Stambulyň Saryýer etrabynyň Kümüşdere obasynda ýerleşýän maldarçylyk hojalygynda işe başlapdyrlar.
Türkiýäniň howpsuzlyk güýçlerinden alynan maglumata görä, olar kanuny statusa eýe bolup, ýurduň wiza düzgünini bozmandyrlar. Oba arçyny Abdylla Gündogdy jenaýata bagly derňew işleriniň soňky tapgyra ýetendigini nygtap: "Gerek bolan deliller we subutnamalar tapylan ýaly. Gözleg-agtaryş işlerinde şu wagt ahyrky tapgyra ýetildi. Jenaýat barada jikme-jik maglumaty howpsuzlyk güýçleri bilýär. Meniň kän bilýän maglumatym ýok" diýdi.
Türkiýäniň köpçülikleýin habar serişdelerinde çap edilýän maglumatlardan çen tutulsa, bu waka soňky döwürlerde bolan şonuň ýaly jenaýatlardan diňe biri bolup, mundan ozal şu ýylyň 25-nji awgustynda hem iki sany türkmenistanly zähmet migrantynyň arasynda bolan uruşda olardan biri heläk bolupdyr. Türkiýäniň "Dogan" habar gullugynyň maglumatynda Stambulyň Şişli etrabynda ýerleşýän çörek bişirilýän kärhanada bolan şol wakanyň algy-bergi sebäpli bolandygy habar berilýär.
Sany resmi çeşmeler tarapyndan tassyklanmasa-da, türkmen zähmet migrantlarynyň iş gözläp, iň köp barýan ýurdy Türkiýedir.