BMG-niň sanksiýalary "Hakgany toparyna" nähili täsir eder?

"Hakgany toparyna" baştutanlyk edýän Jaluliddin Hakgany (sagda) "Talybanyň" tire-taýpalar boýunça ministri bolup işlän döwri Yslamabada sapar edýär, 2001-nji ýyl.

Dünýäniň esasy Halkara guramalary tarapyndan terroristik hereket hökmünde kesgitlenenden soň, “Hakgany toparynyň” Pakistanda edinen gaçybatalgasynyň soňy geldimi?

Owganystanyň “Talyban” söweşiji toparyny ýakyndan synlaýan ekspertleriň pikiriçe, entäk bu beýle däl. Pakistanyň aňtaw gullugy bilen özboluşly aragatnaşygy bolan bu toparyň mundan beýlägem bu ýurtdaky bar bolan maliýe mümkinçiliklerinden peýdalanmagy dowam etdirmegi ahmal.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 5-nji noýabrda “Hakgany toparyny” birnäçe janyndan geçen hüjümçileriň guramaçysy hökmünde gara sanawa salmak baradaky karary ýakymly bir täsinlik boldy. Bu ähmiýetsiz zat däl, sebäbi häzirki wagtda Pakistan 15 agzadan ybarat Geňeşiň bir agzasy.

Ýöne Yslamabat “Hakgany toparyny” basyp ýatyrmak, oňa garşy durmak we ýarag gadagançylyklaryny girizmek barada BMG-niň agzasy bolan 193 ýurduň ählisiniň talaplaryna doly razylyk berse-de, synçylar Pakistanyň bu topary ýok etjegine entäk ynananoklar.

Söweşiji toparlaryň alyp barýan işleri bilen ýakyndan gyzyklanýan yslamabatly žurnalist Kiril Almeýdanyň aýtmagyna görä, bu sanksiýanyň Pakistana ýetirip biläýjek iň möhüm täsiri - Yslamabat geljekde Owganystanyň “Talyban” toparyny goldamazdan öň düýpli oýlanar.

Almeýda bu meselede öz pikirini şeýle beýan edýär: "Günbatar näme etmek islese, olar ederler. Hakgany näme etmek islese we Pakistan näme etmek islese, olar hem özüniňkini dowam ederler. Ýöne häzir biz terrorizmi goldaýan döwlet bolmakdan bir ädim daşda durus. Sebäbi eger Pakistanyň territoriýasynda hereket edýän we terrorist gurama diýlip atlandyrylan topar bar bolsa, hatda indi muny Pakistan hem inkär etmeýän bolsa, onda mundan soň näme bolar?".

Almeýdanyň bellemegine görä, 2001-nji ýylyň soňunda “Talyban” Owganystanda häkimýetden çekilmäge mejbur edilensoň, Yslamabat başda doly manyda goşulyşmazlyk syýasatyny alyp bardy: "Hiç kim harby, maliýe ýa-da hereket etmek ugurdan “Hakgany toparynyň” öňüni almak üçin haýsy-da bolsa bir ähmiýetli synanyşyk edendir öýdemok. Bu 2000-nji ýyllaryň başynda, ýagny ABŞ Owganystana hüjüm edensoň, “Talyban” Pakistana geçip başlanda, bu ýagdaýa hiç kim hiç zat diýmändi. Şol wagt Pakistan-da şeýle diýipdi: "Serediň, biz olary durzup bilmeris. Eger olary duruzmak isleseňiz, olar bilen öz araçägiňizde göreşiň".

Pakistanda “Hakgany toparyny” kimiň maliýeleşdirýändigini derňeýän barlagçy we awtor Gretçen Petersiň aýtmagyna görä, bu toparyň hereketlerini duruzmak we hatda doly ýatyrmak üçin-de Yslamabadyň ýeterlik serişdesi bar.

Peters, Hakgany we beýleki owgan söweşiji liderlerniň Pakistanyň demirgazygynda aç-açan ýaşaýandyklaryny aýdýar. Ol öz barlaglarynyň netijesine salgylanyp, agzalýan toparyň liderleriniň hatda Peşawar we Rawalpindi ýaly uly şäherlerde ýaşaýan bolmagynyň hem mümkindigini aýdýar.

Ol bu maglumatyň Birleşen Ştatlaryň harbylary tarapyndan ýüze çykarylan we “Hakgany topary” tarapyndan ulanylýan gaçybatalgalardan, toparyň ele salnan liderleridir söweşijilerinden alnan dokumentler tarapyndan hem tassyklanandygyny aýdýar.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, BMG-niň terroristik guramalara garşy girizen sanskiýalaryny berjaý etmekde Pakistanyň bärden gaýtmalara ýol berýändigi barada mundan ozalam maglumatlar peýda bolupdy. Bu ýagdaý, 1999-njy ýylda ilkinji gezek “Talybanyň” we “Al-Kaýdanyň” liderleri bilen tanşylandan soň, olara garşy girizilen sanksiýalaryň Pakistanda durmuşa geçirilişi bilen bagly ýüze çykypdy.

Birnäçe tussag edilenler we pul serişdeleri doňdurylanlar hem boldy, emma şondan soňra-da “Al-Kaýda” bilen ilteşigi bolan Pakistanyň käbir söweşiji guramalary, atlaryny çalşyp, aç-açan haýyr-sahawat ýa-da syýasy toparlar hökmünde öz işlerini dowam etdirdiler.