Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama prezidentlige gaýtadan saýlanmak üçin geçiren saýlaw kampaniýalarynda amerikanlardan 2008-nji ýylda “başlan zadymyzy tamamlamak üçin” özüne ikinji möhletiň berilmegini sorapdy.
“Biz yza öwrülerden gaty uzaklardan geldik. Saglygy saklaýyşy durmuşa geçirmek üçin etmeli işlerimiz juda köp. Biziň gowy iş ýerlerini döretmek üçin etmeli işlerimiz juda köp. Işe almaly mugallymlarymyz örän kän. Täzeden gurmaly mekdeplerimiziň sany juda köp. Tölegi amatly ýokary bilime mätäç bolan juda köp sanly studentlerimiz bar. Öndürer ýaly has köp ýerli energiýa bar. Öýe getirmeli esgerlerimiz has köp. Şonuň üçin men Birleşen Ştatlaryň prezidentligine dalaş edýärin”.
Geçen gije Obama şol ikinji möhleti gazandy. Şu gün şol işler başlanýar.
Obamanyň içerki meseleler boýunça indiki dört ýyllyk gün tertibi onuň prezidentliginiň birinji möhletindäkiden kän bir tapawutlanmaýar, bu geň ýagdaý däl. Häzir ykdysadyýet erbetleşmän, gaýtam ýuwaş-ýuwaşdan gowulanýan bolup biler, has köp amerikanlar işe ýerleşýärler. Emma ykdysady meseleler ABŞ-nyň prezidentiniň iň gyssagly aladalarynyň biri bolmagynda galar.
Ýakynda Obama MSNBC telekanalyna beren intewýusynda, eger-de gaýtadan saýlansa, onda çykdajylary kemeltmek üçin bergileri azaltmak planyny oňlatmagy we baý amerikanlara salynýan salgydyň möçberini artdyrmagy baş wezipe edinjegini aýtdy.
Immigrasiýa reformasyna garaşylýar
Obama önüm öndürmegi we energiýa önümçiligini ýokarlandyrmagy, infrastruktura maýa goýmagy, şeýle hem biznesleriň has köp işgär almagyna itergi bermegi maksat edinýän ykdysady inisiatiwalary barada hem aýdyp geçipdi.
Emma onuň birinji möhletinden tamamlanman galan işler hem bar, olara üns gerek bolar. Obamanyň administrasiýasynyň onuň bankçylyk reformasy boýunça planyny durmuşa geçirmek üçin entek etmeli işleri bar. Onuň saglygy saklaýyş reformasy boýunça “Obamacare” diýilýän kanunçylygy babatda edilmeli işler köp, bu kanuny 2014-nji ýyldan güýje girizmek planlaşdyrylýar.
Synçylar Obamanyň immigrasiýa reformasyny hem geçirmegine garaşýarlar. Saýlawlardan birnäçe gün öň Obama žurnalistlere: "Ikinji möhleti gazansam, onuň iň uly sebäbi şu bolar: Respublikan dalaşgär we Respublikan partiýa özüni iň çalt ösýän demografik topardan - Latin asylly jemgyýetçilikden daşlaşdyrdy" diýdi.
Internetde neşir edilýän liberal “ThinkProgress” syýasy habar saýtynyň baş redaktory Jud Legumyň çaklamagyna görä, Obamanyň klimatyň özgermegi meselesine hem gaýdyp gelmegi mümkin, onuň birinji möhletinde, esasan öňden hem erbet ýagdaýda bolan ykdysadyýeti hasam beterledip biler diýen aladalar sebäpli, klimatyň özgermegi meselesi boýunça öňegidişlik bolmandy.
“Birleşen Ştatlarda ýüzbe-ýüz bolýan adatdan daşary howa şertlerimiz, esasan hem ýaňy ýakynda gündogar kenary sarsdyran "Sendi" tupany klimatyň özgermegi meselesine gaýtadan ünsi çeker diýip, pikir edýärin. Meniň pikirimçe, Obama gürrüňi edilen şu başlangyçlaryň käbirleriniň üstünde işlär. Bu, belki, kömürturşy gazynyň ýaýramagyny çäklendirmek boýunça programma bolar ýa-da başga bir zat hem bolup biler” diýip, Legum aýdýar.
Daşary syýasat
Prezidentiň daşary syýasat boýunça ikinji möhletdäki gün tertibi esasan hem onuň eýýämden başlan zadynyň dowam etdirilmegine esaslanýar. Owganystanda 2014-nji ýylda tamamlanmaly söweş barýar, Eýrana garşy girizilen ýiti sanksiýalaryň netije berjegine edilýän umytlar bar, şeýle hem soňky döwür Birleşen Ştatlar hem harby taýdan, hem ykdysady taýdan Aziýa-Ýuwaş okeany regionyna tarap öwrülip başlady.
Hökümet bilen režime garşy söweşijileriň arasynda ganly söweş dowam edýän ýurt bolan Siriýa barada aýdylanda, dargan gozgalaňçy fraksiýalaryň guramaçylygyna ýardam bermegi we prezident Başar al-Assadyň wezipesinden çekilmegine çagyryşlary hasaba almasaň, Obama esasan goşulyşmazlyk syýasatyny alyp bardy.
Obamanyň birinji möhletiniň başyndaky Moskwa bilen "täzeden başlaýyşy" Eýran we Owganystan ýaly meseleler boýunça hyzmatdaşlyga getirdi, emma indi prezidentlige Wladimir Putin geldi. Köpler onuň hereketlerini Birleşen Ştatlary açyk görnüşde äsgermezlik hökmünde häsiýetlendirýärler.
Hytaý meselesi hem bar: Obama özüniň saýlaw kampaniýasynyň dowamynda Pekiniň söwda syýasaty barada ýiti çykyş etdi, ony adalatsyz, hatda bikanun diýip atlandyrdy, muňa çäre görmegi wada berdi. Ol Goranmak ministrliginde eýýämden käbir üýtgeşmeleri ýola goýup, Aziýa-Ýuwaş okeany regionynda Birleşen Ştatlaryň harby agramyny artdyrjak we Hytaýyň dünýäniň şu künjegindäki harby hyýallaryny deňagramly ýagdaýa getirjek işleri geçirdi.