Gyrgyzystanda ekstremizmde şübhelenýän iki adam tussag edildi

Gyrgyzystanyň döwlet howpsuzlygy boýunça milli komiteti gadagan edilen “Hizb-ut-Tahrir” toparyna agza bolmakda şübhelenýän adamyň Yssyk-Kul regionynda ele salnandygyny aýtdy.

Komitetiň duşenbe güni ýaýradan beýannamasyna görä, şübhelenýän 21 ýaşly adam tussaghana iberilipdir. Polisýa onuň ýanynda “ekstremizmi propaganda edýän” listowkalaryň tapylandygyny aýdýar.

Şeýle-de duşenbe güni Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň resmisiniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, dynç günlerinde ýene bir ýaş adam Nookat etrabynda tutulypdyr. Resmileriň aýtmagyna görä, ol ekstremist toparyň agzasy bolmakda şübhelenýär.

Bu iki waka boýunça derňew geçirilýär.