Owganystanda serhet gürrüňleri ula ýazdy

Owganystan-Pakistan serhedinde, 28-nji noýabr.

Kabula sapar edýän daşary ýurtly diplomatlar Durand liniýasyna gezek gelende ätiýaçly gürleýärler. Sebäbi olar kolonial döwürde britan Hindistany bilen Owganystanyň arasynda çekilen bu serhediň ynjyk meseledigini gaty gowy bilýärler.

Bu jedelli liniýadan gürrüň gidende, uzak wagt bäri dowam edip gelýän syýasatyň tassyklanmagynyň özüne-de owganlylaryň bir ädim öte gidildigi diýip garamagy mümkin. Amerikanyň Owganystan we Pakistan boýunça ýörite wekili Mark Grossman ýaňy-ýakynda bu ugurdan sapak edindi.

Grosssman 21-nji oktýabrda Owganystanyň bir hususy telekanalyna beren interwýusynda şeýle diýdi: "Biziň syýasatymyzda bu serhede halkara serhet diýip garalýar. Meniň pikirimçe, hemmeleriň ünsüni, bolmalysy ýaly, regional düşünjä çekmegiň wagty gelip ýetdi".

1893-nji ýylda britan Hindistany bilen Owganystan patyşalygynyň arasynda ornadylan Durand liniýasyna Waşingtonyň häzirki Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky serhet diýip garaýandygy gizlin syr däl.



24-nji oktýabrda geçen bir metbugat ýygnagynda Grossmanyň beýanaty barada soralanda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departmentiniň sözçüsi Wiktoriýa Nuland hem şuny ýatlatdy: "Biziň bu baradaky syýasatymyz üýtgänok. Ilçi Grossmanyň dogry belleýşi ýaly, biz bu serhede halkara derejesinde ykrar edilen serhet diýip garaýarys".

Nähili-de bolsa, bu beýanatlar Owganystanda köp adamlary gaharlandyrdy. Sebäbi Owganystan öz goňşusy Pakistan britan Rajyndan bölünip aýrylaly bäri Durand liniýasyny özüniň gündogar serhedi hökmünde ykrar edenok.

Owganystanyň gündelik gazeti "Weesa" üstümizdäki hepde owgan kanun çykaryjylarynyň birnäçesine salgylanyp, Grossmanyň beýanatyny Owganystanyň içeri işlerine garyşmak diýip suratlandyrdy.

Resmi reaksiýa mundan hem beter boldy. Owganystanyň Daşary işler ministrligi 23-nji oktýabrda Kabul "muny ret edip, bu çyzygyň kanuny statusy barada berilýän her bir beýanaty kimiň tarapyndan hem bolsa, ýerliksiz hasaplaýar" diýip, beýannama ýaýratdy. Bu beýannamada Durand liniýasynyň statusy "Owganystanyň ilaty üçin taryhy ähmiýete eýe" diýilýär.

Dogrudan hem, Durand liniýasy adamlaryň arasyna bölünişik salýar. Ol dünýäniň iň uly tire-taýpaçylyk jemgyýeti bolan Puştun topragyny ikä bolýär. Çyzygyň günbataryndakylar owgan, gündogaryndakylar hem pakistanly bolup galýar.

Kabulda ýerleşýän Owganystanyň regional barlaglar merkeziniň başlygy Abdul Gafur Liwalyň aýtmagyna görä, Durand liniýasyna ýurtda ýokary derejedäki milli mesele diýip garalýar. Daşary ýurtlar ara goşulsa, owganlar şol bada onuň goragyna çykarlar: "Bu liniýany kanuny diýip ykrar etmek ýa emezlik onuň iki tarapynda ýaşaýan adamlaryň öz elinde. Owgan hökümetiniň resmi pozisiýasy hem şeýle. Grossmanyň beýanatyna owgan hökümetiniň protest bildirmeginiň sebäbi şol".

Liwalyň bellemegine görä, owganlaryň aglaba köplügi ýewropa kolonialistleriniň Günorta Aziýada peýda bolmazyndan öňki has uly, agzybir Owganystana dolanylmagyny arzuwlaýar.