Türkmenistanda ýedi sany gazagystanly tussag edildi

“Lada” internet gazetiniň maglumatyna görä, tussag edilen bu gazagystanly raýatlaryň, hususan-da, awçylaryň ýanynda azyndan üç sany ýarag bar eken.

Çarşenbe güni Gazagystanyň birnäçe habar çeşmesi gazagystanly ýedi sany raýatyň Türkmenistanyň Mangyşlakdaky serhet raýonynda türkmenistanly serhetçiler tarapyndan tussag edilendigi barada maglumat ýaýratdy.

Gazagystanyň Aktau şäherinde iş alyp barýan “Lada” internet gazetiniň ýazmagyna görä, bu ýurduň ýedi sany raýatynyň Türkmenistanyň serhet ýakasynda tussag edilmegi bilen baglanyşykly waka geçen anna güni, 19-njy oktýabrda ýüz beripdir.

“Lada” internet gazetiniň nobatçy žurnalisti biziň bilen söhbetdeşlikde bu bolan wakany ýerli hukuk goraýjy organlardaky öz çeşmeleriniň tassyklandyklaryny aýtdy.

Waka nähili bolupdyr?

“Lada” internet gazetiniň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Mangyşlak serhet ýakasynda tussag edilen bu gazak raýatlary dört sany polisiýa işgärinden hem-de üç sany ýerli ýaşaýjydan ybarat.

Maglumatda 19-njy oktýabrda Gazagystanyň Karagiýan raýonynyň migrasiýa polisiýasynyň dört sany işgäriniň “UAZ” we “Toýota” kysymly maşynlarda öz işleri bilen serhet ýakadaky Bolaşak şäherçesine tarap ýola düşendikleri aýdylýar. Maglumata görä, ýolda olara Jetybaý şäherçesinde ýaşaýan ýerli awçylaryň üçüsi goşulypdyr.

Ýerli internet gazetiniň tassyklamagyna görä, bu ýedi adam Bolaşak şäherçesinde bir gije ýatyp, ertesi irden yzlaryna tarap ýola düşenlerinde, azaşypdyrlar we Türkmenistanyň territoriýasyna geçipdirler.

Netijede, gazagystanly bu ýedi adamyň türkmenistanly serhetçiler tarapyndan tussag edilip, ilki olaryň üç günläp Bekdaş şäherçesinde saklanandyklary, soňra-da olaryň Balkanabat şäheriniň içeri işler bölüminiň tussaghanasyna ugradylandyklary aýdylýar.

Gazagystanyň Aktau şäherinde iş alyp barýan “Lada” internet gazetiniň maglumatyna görä, tussag edilen bu gazagystanly raýatlaryň, hususan-da, awçylaryň ýanynda azyndan üç sany ýarag bar eken.

Resmiler-de tassyklaýarlar

Düýbi Astana şäherinde ýerleşýän “Nowosti Kazahstan” atly habar agentligi-de ýedi sany gazak raýatynyň Türkmenistanyň territoriýasynda tussag edilendigi baradaky bu fakty penşenbe güni Gazagystanyň Mangystau oblastynyň içeri işler bölüminiň bir wekiliniň tassyklandygy barada maglumat ýaýratdy.

Ýöne “Nowosti Kazahstan” habar agentliginiň Mangystau oblast içeri işler bölüminiň resmisiniň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, bu dört sany polisiýa işgäri migrantlaryň gözleginde ýörite iş komandirowkasy bilen ýola düşenlerinde ýoldan azaşypdyrlar we Türkmenistanyň territoriýasyna geçipdirler.

Emma olaryň ýanynda ýerli awçylaryň nähili ýagdaýda peýda bolandygy barada welin bu agentligiň maglumatynda anyk bir zat aýdylmaýar.

Bu wakalaryň jikme-jikligi bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy penşenbe güni Gazagystanyň Daşary işler ministrligi bilen habarlaşdy.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ilýas Omarow bu bolan waka barada özleriniň diňe soňky pursat habar serişdeleriniň maglumatlaryndan bilendiklerini aýtdy we häzirki wagt hakykatdanam gazagystanly raýatlaryň ol ýerde tussag edilendikleriniň tassyk bolandygyny aýtdy.

“Bizde kän bir maglumat ýok. Raýatlar hakykatdanam tussag edilipdir. Biziň işlerimiz ynanylan wekilimiz bu mesele boýunça Türkemnistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdi. Biziň notamyz olara gowşuryldy. Indi biziň konsulymyzyň ol tussaglar bilen duşuşmak baradaky haýyşyna türkmen tarapynyň berjek jogabyna garaşylýar. Ähli maglumatlar häzirlikçe şundan ybarat. Ol ýerde näçe adamyň, nähili ýagdaýda we näme üçin tussag edilendigini biz edil häzir bilemizok” diýip, Ilýas Omarow belledi.

Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň häzirki wagt bu wakany öwrenýändigini we ýakyn wagtlarda türkmen tarapyndan anyk resmi maglumatlara garaşýandyklaryny mälim etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden bize bu barada anyk maglumat almak başartmady.