Kriket oýunçy Hamid Hassan öz ýurdunda super ýyldyz statusyna eýe boldy, ol öz ýurdunda “Owganystanyň Dewid Bekhemi” ady bilen tanalýar. Emma onuň üstünlik ýoly aňsat bolmandy. Päkistanda ýaşaýan owgan bosgunlarynyň çagasy bolan Hassanyň zehini ýol alýança ol köçede oýnapdy. Ol professional derejede oýnap başlansoň tiz üstünlik gazandy we Ýewropanyň hem Aziýanyň meşhur klublarynda çykyş edýän ilkinji owgan sportsmeni boldy. Hassanyň sportdaky üstünlikleri we syratlylygy, oňa sponsorlar bilen şertnama baglaşmaga we Owganystanda iň köp gazanýan sportsmen bolmaga ýardam berdi.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen ýörite söhbetdeşliginde Hassan öz karýerasy we durmuşy barada gürrüň berýar.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Kriket oýnuny haçan oýnap başladyňyz?
Hamid Hassan: Men kriketi gaty ýaş wagtymda, biz Owganystndan Pakistana gaýdan döwrümizde oýnap başladym. Men alty ýaşdadym. Men kriketi ilkinji gezek Pakistanyň Peşawar şäherinde gördüm. Meniň agam kriketi gaty gowy oýnaýardy menem onuň yzyna düşdüm. Men kriketi tennis topy bilen oýnap başlanymda sekiz, ýa dokuz ýaşymdadym. Mudan soň men mekdepde we kollejde oýnap başladym.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siziň kriket oýny bilen gyzyklanmagyňyza maşgalaňyz nähili garady?
Hamid Hassan: Bu örän agyr boldy. Meniň kriket oýnamagymy maşgalamyzda hiç kim halamady. Hasam meniň kakam muňa garşy çykyş etdi. Ol meniň okamagymy, ýa-da başga bir zat bilen meşgurlanmagymy isledi. Emma men kriketi taşlamak islemedim. Meniň garry mamam hem kriket oýnamagymy halamaýardy. Men öýde oýnamda, ol meniň üstüme gygyrýardy, top käte aýnany döwýärdi, ýa-da maşynlara degip zeper ýetirýärdi. Bu ýerde ene-atalaryň ählisi çagalarynyň doktor ýa inžener bolmagyny isleýär. Olar çagalarynyň köçede ýa-da kriket meýdanlarynda wagtyny boş geçirmegini islemeýärler.
Häzir meniň maşgalam, meniň kakam, garyndaşlarym maňa buýsanýarlar.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: 2006-njy ýylda siz Angliýanyň kluby üçin oýnamaga Angliýa çagyrylan ilkinji owgan kriketçi sportsmen bolupdyňyz. Siz şu ýylyň başynda ýurduňyzdan “Bangladeşiň premýer ligasy” bilen şertnama baglaşan ilkinji sportsmen bolduňyz.
Hamid Hassan: Hawa, men “Bangladeşiň pemýer ligasy” bilen şertnama gol çekipdim, emma 8-nji ýanwarda Angliýa ýaryşa gitmezden bir aý ozal dyzyma zeper ýetipdi. Men iki operasiýany geçirdim. Men 10 aýa golaý wagtlap kriket oýnap bilmedim we geçen hepde-de oýnap başladym. Näsaglyga garşy goreşen döwrümde meni goldandyklary üçin oz jonköýerlerime we maşgalama örän minnetdar. Sportsmeniň saglygyna zyýan ýetende onuň sporta gaýdyp gelmegi örän agyr düşýär. Häzir men Kabulyň klubyna wekilçilik edýärin. Men komandanyň kapitany.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz Owgnystanda örän meşhur. Siziň suratlaryňyz hemme ýerde bar, köçelerde-de, awtobuslarda-da, hatda adamlaryň öýlerinde-de bar. Adamlar sizi köçelerde tanaýarmy?
Hamid Hassan: Hawa, elbetde. Men nirä barsam-da, köçe bolsun ýa dukan bäş minutlyk çyksam öýe iki sagatdan dolanyp gelýärin. Adamlar meniň bilen gepleşip başlaýarlar ýa-da meniň bilen surata duşmek isleýärler. Ýa-da men sport maşklaryny edemde adamlar muny görmek üçin gelýärler we surata alýarlar. Men mydama olar bilen surata düşýärin. Men adamlaryň men barada “Hamid durmuşda başgaça eken” diýmeklerini islemeýärin.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Köp ýurtlarda meşhur sportsmenler oýunlardan we sponsorlar bilen şertnamalardan ummasyz pul gazanýarlar. Siz öz ýurduňyzda sportsmenleriň gazanjyny dünýäniň beýleki ýerleri bilen deňeşdirip biljekmi?
Hamid Hassan: Men Owganystanda sponsorlar bilen şertnama baglaşan ýeketäk sportsmen. Bu “Etisaalat” aragatnaşyk kompaniýasy. Men olar üçin reklama edýärin. Emma men ozümi we ýurdumyzyň beýleki sportsmenlerini beýleki ýurtlaryň sportsmenleri bilen deňeşdirenimde biziň girdeýjimiziň hiç zatdygyny aýdyp biljek. Biz ujypsyz bir pula oýnaýarys. Emma biz, şonda-da, 10 ýyl mundan öň Owganystanda kriket oýnap başlandygymyza örän şat. Şol döwürde ýurtda pul ýokdy. Käte biziň sportsmenlerimiz oýnamak üçin başga ýerlere gitmeli bolanda käte öz maşgalasyndan pul alyp gitmeli bolýarlar.
Häzirki wagtda biziň milli komandamyzyň “Owganystanyň kriket geňeşi” bilen şertnamasy bar, olar bize hak töleýärler, emma köp däl. Biz olary zähmet hakymyzy galdyrmagy soradyk.
Gazanýan pulumyz kop däl, emma biz öz ýurdumyza wekilçilik edýändigimize şat.
Biz owgan hökümetini sportsmenleri goramagy, sporta pul ýatyrmagy we biziň kontraktlarymyzy gowulandyrmagy haýyş etdik. Sebäbi sportsmenleriň başga girdeýjisi ýok, kriket biziň ýeketäk işimiz, biz irden agşama çenli turgenleşýäris.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz kriketden boş wagtyňyzy nädip geçirmegi gowy görýärsiňiz?
Hamid Hassan: Kriketden başga, men futboly gowy görýärin. Men dostlarym bilen mydama futbol oýnaýaryn. Boş wagtym men film görmegi-de halaýaryn. Men aýnalary garaňkyradyp kinoteatrlarda bolşy ýaly garaňkyda gorkunç filmleri görýärin. Şeýle-de men dostlarym bilen bir ýerlere gitmegi halaýaryn.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz ýene näçe ýyllap kriket oýnamagy isleýärsiňiz?
Hamid Hassan: Bu meniň taýýarlyk ýagdaýyma bagly bolar. Meniň saglygym we taýýarlygym bolsa, men professional derejede ýene 10-12 ýyllap kriket oýnaryn.

Saglygym we taýýarlygym bolsa, men professional derejede ýene 10-12 ýyllap kriket oýnaryn....