BMG: Eýranda jezalandyrmalar we azlyklaryň kemsidilmegi dowam edýär

BMG-niň Eýranda adam hukuklary boýunça ýörite dokladçysy Yslam respublikasynyň her ýyl ýüzlerçe adamy jezalandyryp öldürýändigini, ýurtdaky dini we etniki azlyklaryň, aýallaryň we homoseksuallaryň ýagdaýynyň bolsa ýaramazlaşýandygyny aýdýar.

Ahmad Şahid duşenbe güni Nýu-Ýorkda eden çykyşynda şu ýylyň başky sekiz aýynda Eýranda 300-den gowrak adamyň jezalandyrylyp öldürilendiginiň hasaba alnandygyny aýtdy.

Ýöne ol Eýranyň jezalaryň ýerine ýetirilişi baradaky maglumatlary çäklendirýändigini we hakyky sanlaryň mundan has köp bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürdi.

Şahid geçen ýyl Eýranda 670 adamyň jezalandyrylyp öldürilendigini aýtdy. Bu dünýäde ilatyň jan başyna düşýän ölüm jezasynyň iň ýokary görkezijisidir.

Şeýle-de dokladçy Bahaýi jemgyýetiniň Eýranda iň kän ýanalýan dini azlykdygyny aýtdy.

Şahid Eýranda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada taýýarlan ýyllyk hasabaty bilen formal taýdan şu hepdäniň aýagynda tanyşdyrar.