Täjik doktory nesilsizlik problemasy boýunça iş alyp barýar

Täjigistandaky her bäş maşgaladan biri çagasyzlykdan kösenýär.

"Meniň daş-töweregimdäki ähli adamlaryň, hemme dostlarymyň çagalary bar ýalydy" diýip, Şarif Halimow ýatlaýar. "Ýöne meniň aýalym göwreli bolup bilenokdy".

Adatça, täjik erkekleriniň pikirine görä, maşgaladaky bu problemanyň çözgüdi ýönekeý, ýagny täze aýal almaly.

Ýöne şol bir wagtda hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolmagam kyndy. Haçan-da käri boýunça harby ofiser, 36 ýaşly Şarif özleriniň çagalarynyň bolmazlygynyň sebäpkäriniň aýaly däl-de, özi diýlip çaklananda, "öz gaýratynyň ynjandygyny" boýun alýar. Emma ol doktory diňläni üçin şat.

Medisina taýdan bejergi alany üçin, häzirki wagtda Halimowlaryň özlerinden önen bir ýaşly gyzlary Nargiz hem Duşanbedäki ýetimler öýünden gyzlyk alan bäş ýaşyndaky gyzlary Nafisa bar.

Halimow bu barada: "Bu ýagdaýda hiç kim men ýaly sabyrly däldir diýip pikir edýärin. Men köp doktorlara ýüz tutdum, halk tebipçiliginden peýdalandym we şeýle hem Hudaýa doga-dileg etdim" diýip gürrüň berýär.

Halimow özüniň we maşgalasynyň mydama hereketdäki harby durmuşynyň “ruhdan düşmek” ýaly problema uçramazlygyna ýardam edendigini aýdýar.

Halimowyň maşgalasynyň halk köpçüliginiň gözünden uzakda ýerleşýän harby bazadaky durmuşy aýalynyň garyndaşlarynyň we goňşularyň bilesigeliji gözlerinden uzakda ýaşamagyna mümkinçilik döretdi.

Täjigistandaky her bäş maşgaladan biri çagasyzlykdan kösenýär. Ýöne munuň kähalatlarda erkeklerden bolup biljekdigi baradaky tema Täjigistanyň urp-adata görä ýaşaýan jemgyýetinde agzalmagy gadagan pikir diýen ýaly zat. Onsoň köplenç şular ýaly problemalar medisina bejergisini alyp, bolmalysy ýaly çözmegiň deregine, erkek adamyň islegine görä, maşgalanyň dargamagyna sebäp bolýar.

Ilkinji proýekt

Täjigistanly doktor Akbarşo Ahmedow bu ýagdaýy üýtgetmek üçin iş alyp barýar. Onuň "Täjigistandaky nesilsizligiň kliniki ugrunyň gurluşy we detallary" atly ylmy-barlag işi ýurtdaky nesilsizlik problemasyna degişli ilkinji proýekt bolup, ol öz bu işinde lukmana ýüz tutýan maşgalalar göz öňüne alnanda, problemanyň sebäbiniň deň ýarpysynyň diýen ýaly erkeklere degişlidigini aýdýar.

"Her bir maşgalada birnäçe çaga bolan biziň jemgyýetimizde bu erkekler üçin psihiki trawma öwrülýär. Bu sosial tagma. Çagalary bolmaýan maşgalalarda, adatça, erkekler aýallaryna "Bu seniň günäň" diýip, olary medisina bejergisini almak üçin doktora ugradýarlar. Ýöne hakykatda çaga dogmazlyk bilen bagly problemalaryň 50%-ne erkekler sebäp bolýar" diýip, Ahmedow aýdýar.

Pes derejedäki spermatozoid (ýagny erkeklik tohumy), spermatozoid morfologiýasynyň bozulmagy we spermatozoidleriň gowuşgynsyzlygy – önelgesizlikde erkegiň sebäp bolýan problemalarynyň biridir.

Doktor Ahmedowyň bellemegine görä, infeksiýalar, çagalyk döwründäki syrkawlyklar we immun sistemasynyň bozulmagy hem munda rol oýnap biler. Onuň aýtmagyna görä, “köp ýagdaýda degişli lukmançylyk bejergisi bilen em edilip boljak” meseläni “saglyk problemasy hökmünde bejermek, belkem, maşgalany gorap biljek çözgütleri tapmak üçin açar bolup biler”.

Ahmedow nesilsizlik üçin bejergi almak isleýän erkek näsaglarynyň dörtden birine golaýynyň geçmişde azyndan iki sany şowsuz nikany başdan geçirendigini aýdýar.

Duşanbäniň haýwanat bagyndaky ýolbars idegçisi Zuhrabonu Imomowa göwreli bolup bilmändigi sebäpli birinji nikasynyň bozulandygyny aýdýar. Imomowa, adamsydyr onuň garyndaşlarynyň ony önelgesizlikde günakärländikleri sebäpli, özüniň maşgala durmuşynyň soňky birnäçe ýylyny "garabasma" ýagdaýy diýip, häsiýetlendirýär.

Imomowa öz pikirini şeýle beýan edýär: "Hat-da munuň erkegiň günäsi bolup biljekdigi hiç kimiň akylyna-da gelmedi. Biz asyl şeýle pikir etmelidirem öýdemzok".

Emma doktor Ahmedowyň aýtmagyna görä, bu meselede käbir özgerişler bar. Ol häzirki döwürde agzalan ugurdan her aýda ortaça 100-e golaý erkek näsagy kabul edýändigini aýdýar.