NATO, ABŞ içki hüjümleriň owgan missiýasyny üýtgetmejegini nygtaýar

NATO-nyň ýolbaşçysy Anders Fog Rasmussen (sagda) bilen Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Leon Panetta NATO-nyň goranmak ministrleriniň Brýusselde geçiren duşuşygynda, 10-njy oktýabr.

NATO bilen Birleşen Ştatlaryň aýtmagyna görä, harby lybasly owganlylaryň daşary ýurt esgerlerine hüjüm etmegi NATO-nyň Halkara howpsuzlyk güýçlerini Owganystandaky missiýasyny ýerine ýetirmekde yza tesdirip bilmez.

NATO-nyň ýolbaşçysy Anders Fog Rasmussen bilen Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Leon Panetta NATO-nyň goranmak ministrleriniň Brýusselde geçiren duşuşygynyň ahyrynda, 10-njy oktýabrda beýanat etdi.

Owgan polisiýa işgärleri we esgerleri tarapyndan halkara esgerlerine garşy amala aşyrylýan we "ýaşyllar göklere garşy" diýlip atlandyrylýan hüjümler şu ýylyň dowamynda 50-ä golaý esgeriň ölümine getirdi.

Bu hüjümleriň owgan we NATO esgerleriniň arasyndaky ynamy sarsdyryp, NATO ýurtlarynda jemgyýetçiligiň goldawyny peseldip biljekdigi baradaky aladalar dile getirildi.

Rasmussen bu ýagdaýy "hakyky kynçylyk" diýip atlandyrdy we bu mesele boýunça "çynlakaý ýagdaýda" iş alyp barmagy wada etdi. Emma ol söweşijilere halkara güýçleri bilen owgan halkynyň arasyndaky ynamyň döredilmegi babatdaky tagallalara zeper ýetirmäge NATO-nyň ýol bermejekdigini aýtdy.

"Owganystanyň duşmanlary ynamy we jemgyýetçilik ygtybaryny sarsdyrmak üçin içki hüjümleri ulanýarlar. Emma bu başa barmaz" diýip, Rasmussen aýtdy. "Biz duşmana biziň strategiýamyzy üýtgetmäge we öz döreden ynamymyzy we ygtybarymyzy sarsyrmaga ýol bermeris".

Rasmussen Owganystanyň halkynyň aglaba böleginiň ýurduň asuda we durnukly ýerlerinde ýaşaýandygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, "duşmanyň hüjümleriniň 80 prosenti Owganystanyň ilatynyň diňe 20 prosentiniň ýaşaýan ýerlerine amala aşyrylýar".

Türgenleşdiriş goşandyna çagyryş

Panetta NATO ýaranlaryny daşary ýurt esgerlerine garşy agzalýan hüjümleri we beýleki görnüşdäki hüjümeri togtatmakda netijeli çäreleriň görülýändigi babatda ynandyrmaga çalyşdy.

“Duşman bize garşy nähili usul ulansa-da, güýçlendirilen partlaýjy enjamlar bolsun, içki hüjümleri bolsun, maşyn bombalary bolsun, biz bu usullaryň owgan hyzmatdaşlarlarymyz bilen aramyzy bozmagyna, şeýle hem öz alyp barýan missiýamyzdan dändirmegine ýol bermeris“ diýip, Panetta aýtdy.

Şeýle hem ol Birleşen Ştatlaryň goşant goşan türgenleşdiriş toparlarynyň "sanynyň deňeçer däldigini“ aýtdy we beýleki goranmak ministrlerini hem Owganystandaky harby türgenleşdiriş toparlarynyň ýetmezçiligini doldurmakda ýardam bermäge çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary, 2014-nji ýylyň ahyryna çenli owgan güýçleriniň ýurduň howpsuzlygyny öz üstlerine alyp bilmeklerini üçin, bu toparlaryň olaryň ukybyny artdyrmakda örän möhüm rol oýnaýandygyny belledi. Şol ýyl NATO-nyň söweş esgerleriniň ählisi Owganystany terk eder.

Panetta türgenleşdiriş toparlarynyň umumy sanyny 465-e ýetirmek üçin NATO ýaranlaryndan indiki aýyň ahyryna çenli 60 topar ibermegi sorady.