Şenbe güni Pakistanyň paýtagty Yslamabatda belli oppozision syýasatçy we kriket boýunça ozalky sport ýyldyzy Imran Khanyň ýolbaşçylygynda uly protest ýörişi gurnaldy.
Bu ýörişe ýygnanan müňlerçe adam ýüzlerçe ýenil maşynda we awtobusda 335 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýän Günorta Weziristan regionyna tarap ýola düşdi.
Protestçiler öz ýörişlerini Amerikan uçarlarynyň yzygiderli hüjüm geçirýän regiony bolan şu regionda geçirmekligi planlaşdyrýarlar.
Protestçileriň arasynda käbir günbatar ýurtlaryň raýatlary, şol sanda urşa garşy kampaniýa alyp barýan amerikan raýatlarynyň-da bir topary bar. Imran Khan olara garşy yslamçy söweşijileriň hüjüm etmekleriniň mümkindigi baradaky garaýyşlary ret etdi.
“Biziň aramyzda müňlerçe mil uzaklykdan gelen parahatçylyk aktiwistleri-de bar. Olar biziň myhmanlarymyz. Biz olaryň janyny asla howp astynda goýmak islemeýäris. Talybanlar haçandyr bir wagt özleriniň bize garşy hüjüm etjekdiklerini aýtmadylar. Olaryň ähli aýdan zady biziň howpsuzlygymyzy üpjün etmejekdikleri. Ýöne howpsuzlygymyzy hemişe Weziristanyň öz halky goramaga taýýardyr” diýip, Imran Khan belledi.
Ýöne Günorta Weziristan regionynyň resmileri merkezi hökümetden ýörite rugsady bolmadyk daşary ýurt raýatlarynyň bu regiona goýberilmejekdigini mälim etdiler.
Şol bir wagtyň özünde, Pakistandaky talybanlaryň sözçüsi-de anna güni bu planlaşdyrylýan ýörişi tankytlady we Imran Khany “Günbataryň gürjagy” diýip atlandyrdy.
“Tehrik-i-Insaf” (“Adalatlyklyk ugrundaky hereket”) atly oppozision partiýanyň lideri Imran Khan Birleşen Ştatlaryň bu regiondaky geçirýän howa hüjümlerinde örän köp bigünä parahat ýaşaýjylaryň ölendigini öňe sürýän aktiwistlerden biri. Ol bu howa hüjümleriniň bütinleý togtadylmagyna çagyryş edip gelýär.
Bu howa hüjümlerini Pakistanyň häkimiýetleri-de yzygiderli ýazgaryp gelýärler. Emma, muňa garamazdan, Birleşen Ştatlaryň resmileri Pakistanyň serhetýaka raýonlarynda ýaragly söweşijileriň aktiw hereket edýändiklerine salgylanyp, bu geçirilýän hüjümleriň howpsuzlyk ýagdaýlary üçin zerurlygyny öňe sürüp, howa hüjümlerini yzygiderli dowam etdirýärler.