Obama-Romni çekişmesiniň adamlarda galdyran täsiri

Frohlih atly naharhanada, 3-nji oktýabr.

Şäheriň ykdysady taýdan yzagalak böleginde ýerleşýän naharhanalaryň birinde oturan adamlaryň ünsi Barak Obama bilen onuň respublikan bäsdeşi Mitt Romniniň arasynda 2012-nji ýyldaky president saýlawlary boýunça gurnalan çekişmede.

Iş ýüzünde bu çekişmeleriň Frohlih atly naharhanada oturan adamlarda galdyran täsiri, agzalýan kandidatlaryň nukdaýnazaryndan aýdylanda, olar üçin beýleki millionlarça tarapdarlarynyň pikirlerinden has wajyp.

Pikir soralyşyklaryň netijelerine görä, Obama Ogaýo ştatynda öz saýlaw kampaniýasyny has ýygjamlap, öz garşydaşy Romniden öňde barýar, emma ara tapawut o diýen ulam däl.

Stubenwil şäheri Obamany goldaýan günbatar Pensilwaniýanyň, şeýle hem Romniniň tarapyny tutýan günbatar Werjiniýanyň golaýynda ýerleşip, ol Ogaýo ştatynyň saýlawlar boýunça ikä bölünen nokady diýlip hasaplanýar.



Bu çekişmelerde aýdylan gürrüňler boýunça adamlar dürli garaýyşlary öňe sürýärler. Deýwid Dials 58 ýaşly işsiz weteran. Ol Romniniň çykyşynyň başynda ogaýaly aýalyň ondan kömek soranlygyny ýanjamagy bilen özüniň ylalaşmaýandygyny aýdýar.

"Häzirki wagtda Romniniň kömek soran aýala ýardam edip biljek ýeke-täk zady bar" diýip ol dostuna gürrüň berýär. 'Sesiňizi meniň üçin beriň! Meni ýylgyrtmak üçin maňa sesiňizi beriň!' Onuň bar edýän zady şol - diňe öz oýnuny oýnaýar” diýip, Dials aýdýar.

Weteran Dials öz sesini Obama bermekçi. Onuň 38 ýaşly dosty Ýamar Ýetts hem işsiz. "Men Romniden kömek sorardym. Onuň kömek berip bilmegi hem mümkin. Biz hem şol kömekden peýdalanyp bilerdik" diýip, jogap berdi.

Obamanyň 2000-nji ýylyň aýaklarynda pese gaçan ykdysadyýeti dolandyrmak üçin saýlap alan ýoly onuň we onuň bäsdeşiniň, şeýle hem naharhanada oturanlaryň arasyndaky çekişmeleriň iň esasy temasy.

Romni çykyşyna başlan wagty 42 ýaşly aşpez we gap-gaç ýuwujy Treýsi Jekson Obamynyň ýurtdaky işsizlige garşy çärelerini dowam etdirmegi üçin oňa ikinji möhletiň berilmelidigini aýdýar: "Meniň pikirimçe, oňa ýene bir mümkinçilik berilmeli. Prezident Buş bizi çukura elten bolsa, Obama ýagdaýymyzy gowulaşdyrmaga synanyşýar. Şonuň üçin adamlar oňa ýurdy dolandyrmak üçin ikinji möhleti bermeli".

Naharhananyň 34 ýaşly işgäri Brendi Haýns ykdysadyýetiň çökgünligi sebäpli kiçi biznes bilen meşgullanýan telekeçileriň öz işgärleriniň saglyk ätiýaçlandyryşyny edinmegine kömek edip bilmegi üçin täze sýyasatyň ýola goýulmagynyň zerurdygyny nygtaýar.

"Eger sen iň az aýlygy alýan bolsaň, onda hökümet edaralara öz işgärlerini saglyk ätiýaçlygy bilen üpjün etmäge kömek bermeli. Men bu şeýle bolmaly diýip pikir edýärin. Ejir çekip, öz gününi görjek bolýan adamlaryň ýagdaýyny ýeňilleşdirmeli" diýip, Haýns aýdýar.

Haýns saglyk ätiýaçlandyryşy bolmadyk 49 million amerikalylaryň biri bolup, Obamanyň geljekki ýyllarda şeýle adamlaryň sanyny azaldyp, saglyk sistemasyny özgertjekdigi barada berýän wadalaryna şübhe bilen garaýar. Obamanyň çekişmede bu meselede aýdan gürrüňleri hem onda o diýen täsir galdyrmandyr, netijede onuň öz sesini Romna bermegi mümkin.