Türkmen-Eýran serhedinde maşynlaryň nobaty artýar

Türkmenistanyň kartasy

Eýranyň IRINN döwlet telekanaly ýakynda Türkmenistan bilen Eýranyň “Gaudan-Bajygyran” transport geçelgesinde tranzit bökdençliginiň ýüze çykandygyny habar berýär.

IRINN döwlet telekanalynyň maglumatyna görä, ýurduň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ramin Mehmenparast Türkmenistandan Eýranyň Bajygyran obasynyň üsti bilen geçýän transport geçelgesinde dörän problemalaryň ýakyn wagtlarda çözüljekdigini belläpdir.

Problemanyň sebäpleri

Eýranyň döwlet telekanaly bu serhet geçelgesine golaý ýerleşýän ýurduň Guçan şäheriniň gubernatory Esmail Heýdariniň sözlerine salgylanmak bilen, häzirki problemanyň Türkmenistanyň 20 tonnadan agyr ýükli ulaglary ýurduň territoriýasyna goýbermeýändigi bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

Mundan birneme öň hem Eýranyň ISNA habar agentligi-de ýurduň demirgazygyndaky Horasan welaýatynyň ýerli resmisi Ali Safarzadäniň sözlerine salgylanmak bilen, Türkmenistan tarapynyň bu tranzit geçelgesinden geçýän ulaglaryň 20 tonnadan agyr ýüklüsini Türkmenistanyň öz territoriýasyna goýbermeýändigini habar beripdi.

Eýranyň çeşmeleriniň maglumata görä, Türkmenistanyň bu täze çäreleri ýakynda, sentýabr aýynda girizilipdir. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan we Awtomobil transporty ministrliginden bu ýüze çykan waka barada maglumat almak başartmady.

Emma, beýleki tarapdan, agyr ýükli transport maşynlarynyň “Gaudan-Bajygyran” tranzit geçelgesinden Türkmenistanyň territoriýasyna goýberilmeýändikleri baradaky bu maglumat ýakynda Türkmenistanyň prezidentiniň agyr ýük göterýän maşynlaryň ýük normalaryna gözegçiligi güýçlendirmek barada beren görkezmeleriniň yzýany ýüze çykdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şol çykyşynda özüniň bu görkezmesini çakdanaşa agyr ýükli maşynlaryň adaty transport ýollaryny zaýalaýandygy bilen düşündiripdi.

Käbir synçylar Eýran bilen Türkmenistanyň aralygyndaky “Gaudan-Bajygyran” tranzit geçelgesinde ýük maşynlaryna girizilen täze gadagançylyklaryň-da hut türkmen prezidentiniň şol görkezmeleri bilen baglanyşykly bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Nähili çözgüt bolup biler?

Aşgabatly garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew bu gürrüňi edilýän serhet tranzit geçelgesinden hakykatdanam örän köp mukdarda dürli hili ulaglaryň geçýändigini we olaryň hatda goňşy ýurtlara-da ýük geçirýändiklerini aýtdy.

Ýöne Eýranyň habar çeşmeleri Türkmenistan tarapyndan transport serişdelerine girizilen bu çäklendirmelere nähili çözgütleriň tapylmagynyň mümkindigi barada anyk bir garaýyşlary öňe sürmeýär.

Türkmenistan bilen Eýranyň serhedindäki bu “Gaudan-Bajygyran” tranzit geçelgesi 2006-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň we Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejatyň gatnaşmaklarynda açylypdy.

Şonda Türkmenistanyň resmi metbugaty ýurduň serhet geçelgesinden her ýylda Eýran tarapyndan geçýän uly ýük maşynlarynyň sanynyň 60-70 müň töweregidigini habar beripdi.

Asly eýranly graždan aktiwisti Ýusup Kor bu iki goňşy ýurduň gatnaşyklarynyň gadymdan gelýändigini belläp, Eýran bilen Türkmenistanyň transport-söwda gatnaşyklarynda izolýasiýanyň bolup bilmejekdigini nygtady.

Aşgabatly garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew hem iki ýurduň arasynda häzirki emele gelen transport bökdençliginiň wagtlaýyn häsiýete ele bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.