Şwed lukmanlary ilkinji bolup ýatgyny “peresadka” edendiklerini aýdýarlar

Şwesiýanyň lukmanlary dünýäde ilkinji bolup ýatgyny “peresadka” etmek, ýagny organy kesip birikdirmek ýoly arkaly edilýän operasiýany geçirendiklerini mälim edýärler.

Geçen hepde ahyrynda iki sany 30 ýaşlaryndaky şwed aýalyna olaryň ejeleriniň ýatgysy oturdyldy.

Göteburg uniwersitetiniň spesialistleriniň aýtmaklaryna görä, lukmanlar bu operasiýany kynçylyksyz amala aşyrypdyrlar. Ýöne bu operasiýa şowly geçdi diýip onuň diňe “peresadka” edilen aýalyň sagdyn çaga doguranyndan soň aýdyp boljakdygyny spesialistler nygtaýarlar.

Operasiýa edilen aýallaryň biriniň ýatgyda rak keseliniň döremegi sebäpli birnäçe ýyl mundan ozal ýatgysy kesilip aýrylan aýaldygy, beýlekisiniň bolsa ýatgysyz dünýä inen zenandygy aýdylýar.