Dawa döreden film we onuň hukuk taraplary

Bahreýniň Diraz obasynda demonstrasiýaçylar “Musulmanlaryň bigünäligi” atly filme garşy protest bildirýärler. Diraz, 14-njy sentýabr, 2012.

ABŞ-da döredilen “Musulmanlaryň bigünäligi” atly täze filmde Muhammet pygamber kezzap we medeniýetsiz şahsyýet hökmünde suratlandyrylýar. Eýsem, beýle filmiň döredilmegine ABŞ-da nädip ýol berlip bilindikä?

“Musulmanlaryň bigünäligi” atly filme garşy möwç alýan protestleriň fonunda Birleşen Ştatlarda söz azatlygy nähili goralýar diýen sorag hem peýda bolýar.

Söz azatlygynyň çägi barmy?

ABŞ-nyň Konstitusiýasynyň “Hukuklar kanuny” diýen bölüminiň iň başky setirleri “Kongres söz azatlygyny çäklendirýän hiç bir hili kanun kabul etmeli däldir...» diýen sözler bilen başlanýar. Şu-da Birleşen Ştatlaryň iň bir kesgitli prinsipleriniň we garantiýalarynyň biridir.

Hökümet tarapyndan senzura sezewar edilmezden, öz garaýşyňy erkin beýan edip bilmeklik baradaky bu kanuny garantiýa köp ýyllaryň dowamynda Birleşen Ştatlardaky dürli sud proseslerinde-de goldaw tapdy we oňa aýdyňlaşdyrma girizýän dürli düşündirişler berildi.

Şol legal prosesleriň esasynda-da bu ýurtda abortyň tarapyny tutýanlara we oňa garşy çykyş edýänlere, milletçilere we milletleriň hukugyny goraýjylara, musulmanlara we ýewreýlere –hemmelere öz garaýyşlaryny erkin beýan etmeklige ýol açyldy.

Eýsem, söz azatlygy baradaky bu hukugy goramakdan esasy maksat näme? Birleşen Ştatlaryň “Hukuklar kanunyň” ozalbaşky awtory hasaplanylýan Jeýms Madison Birleşen Ştatlaryň “azatlyga iýmit berýän ruhy goldaýandygyny, ol azatlygyň hem öz gezeginde ruhy iýmitlendirýändigini” aýdyp, bu ýagdaýy bu döwletiň “genial” aýratynlygy hökmünde häsiýetlendiripdir.

“Ideýalaryň bazary”

Britaniýanyň Birmingam şäheriniň uniwersitetinde Amerikan kanunçylygyny öwrenmek boýunça merkeziniň direktory Julian Killingleý Jeýms Madisonyň göz öňünde tutan ýagdaýynyň özboluşly terzde “ideýalar bazary” diýlip atlandyrylýandygyny aýtdy.

“Döwletiň başky günlerinden başlap Amerikanyň ulanyp gelýän bu usulyny amerikaly ýuristler ‘ideýalaryň bazary’ diýip atlandyrýarlar. ‘Ideýalaryň bazary’ diýen düşünje eger kimdir-biri sen barada ýalan zat aýdýan bolsa, şol adama gürlemegi gadagan etmekligi däl-de, eýsem seniň ozüňiň hakykaty aýtmalydygyňy aňladýar” diýip, Julian Killingleý belleýär.

Eýsem, söz azatlygy meselesinde Birleşen Ştatlarda nähilidir bir çäklendirmeler barmy? Birmingam uniwersitetiniň analitigi Julian Killingleý indiwidualizmi ösdürmek meselesinde Birleşen Ştatlaryň her bir adamyň her bir zat barada islendik garaýşy beýan etmäge hakly bolmalydygy baradaky prinsipi öňe sürýändigini belleýär.

Ol bu prinsipiň-de adamlaryň öz garaýyşlaryny, hat-da ol beýleki adamlar üçin zyýanly bolsa-da, beýan edip bilmegini göz öňünde tutýandygyny aýdýar.

Şu meselede, mysal üçin, “Musulmanlaryň bigünäligi” diýen ýaly filme gezek gelende-de, hatda ol film köp adamlaryň duýgusyny kemsidýän bolanlygynda-da, ABŞ-nyň hökümetiniň ol filme gadagançylyk girizip bilmejekdigi aýdylýar.

Ýöne, beýleki tarapdan, bu filmleri döredýän prodýuserleriň peýdalanýan söz azatlygyndan peýdalanyp, ýurduň hökümeti filme garşy açyk çykyş etmäge ýa-da filmde beýan edilýän garaýyşlaryň bu ýurduň öz gymmatlyklaryny beýan etmeýändigini aýtmaga-da haklydyr.