Putin: Romniý bimamla, ýöne saýlansa, Orsýet onuň bilen işleşer

“Biz amerikan halky özüne kimi prezident saýlasa, şonuň bilen işleşeris.” Wladimir Putin.

Prezident Wladimir Putin Mit Romniniň saýlaw kampaniýasy mahalynda, eger noýabr saýlawlarynda prezident saýlansa, Orsýet babatda berk pozisiýa eýelejekdigi barada aýdan zatlaryny tankyt etdi.

Emma Putin, dördünji gün efire berlen telewizion söhbetinde, eger ol prezident Barak Obamany ýeňse, Orsýetiň Romniý bilen işleşip biljegini aýtdy.

“Biz amerikan halky özüne kimi prezident saýlasa, şonuň bilen işleşeris, emma biziň işimiz diňe partnýorlarymyzyň isleýşi ýaly netijeli bolar.”

Romniý golaýda, eger prezident saýlansa, Orsýetiň Waşingtondan “az çeýelige hem-de kän gatylyga” garaşyp biljegini aýtdy.

Putin dünýä sahnasynda beýle ritorikany ulanmagyň ýalňyşdygyny aýtdy.

“Jenap Romininiň pozisiýasy barada aýdylanda, biz onuň belli derejede saýlawdan öňki ritorikadygyna düşünýäris, ýöne ol, elbetde, şeksiz ýalňyş diýip pikir edýärin. Sebäbi halkara arenasynda özüňi beýle alyp barmak milletçiligi we bölüjiligi öz içerki syýasatyňda gural edip ulanmak bilen deň” diýip, Putin aýtdy.

Putin Orsýetiň “Russia Today” telewideniýesine beren interwýusynda Romniniň prezidentligi, NATO-nyň amerikan ýolbaşçylygynda Ýewropada raketadan gorag galkanyny gurmak planlary zerarly, Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky gorpy giňeldip biler diýdi.

Ol eger häzirki prezident Obama ýene bir dört ýyla gaýtadan prezident saýlansa, bu dawanyň gowşap biljegini öňe sürdi.

“Eger Barak Obama ikinji möhlete prezident saýlansa, bu problemany çözmek mümkinmi? Prinsipde hawa” diýip, Putin aýtdy.

Bu Putiniň maýda Orsýetiň prezidenti hökmünde alty ýyllyk möhletine başlaly bäri beren iň uzak interwýusydyr.

Putin Siriýadaky konflikt barada söz açyp, Moskwanyň raýat urşuna halkara gatyşylmasyna berk garşy durmak pozisiýasyny üýtgetmäge taýýar däldigini aýtdy.

Putin prezident Başar al-Assady häkimiýetden çetleşdirmäge çalyşýan ýurtlaryň, režime garşy gozagalaňa kömek üçin, jeňçi toparlara, şol sanda “Al-Kaýda” bil baglaýandygyny aýtdy.

“Bu gün käbir adamlar “Al-Kaýda” ýa-da şoňa meňzeş radikal garaýyşly guramalaryň jeňçilerini Siriýadaky maksatlaryna ýetmek üçin ulanmak isleýär. Bu örän howply we telper syýasat” diýip, Putin aýtdy.

Şeýle-de ol Orsýet Günbataryň aklawçy Sergeý Magnitsikiniň ölümi bilen bagly resmileri gara sanawa salmak tagallaryna degişli jogap berer diýdi.

Magnitskiý resmileri korrupsiýada aýyplanyndan soň, 2009-njy ýylda türmede ýogalypdy we onuň ölümi ullakan halkara ýazgyryşlygyny döredipdi.

Putin Moskwada bir ybadathanada özüne garşy aýdym aýdan “Pussy Riot” pank toparynyň üç agzasyna geçen aý iki ýyl iş kesilenligi baradaky soraga jogap bermekden ýüz öwürdi. Ýöne muňa garamazdan, ol “döwlet öz dindarlarynyň duýgularyny goramaly” diýdi.