Orsýetiň Çeçenistan respublikasynyň paýtagty Groznyda ulag partladylanda polisiýanyň kapitany öldi. Bu barada ýerli resmiler habar berýär.
Maglumata görä, partlama penşenbe güni irden amala aşyrylyp, bomba ulagyň oturgyjynyň aşagynda ýerleşdirilipdir. Polisiýanyň işgäri alan ýaralary sebäpli, keselhanada öldi.
Demirgazyk Kawkaz regionynda polisiýanyň “yslamçylar” diýlip güman edilýänlere garşy alyp barýan göreşi her ýyl onlarça adamyň ölümine sebäp bolýar.
Bu regionda iň durnuksyz diýlip Dagystan, Inguşystan, Çeçenistan hem Kabardino-Balkariýa hasaplanylýar.