BMG: Howpsuzlyk Türkmenistanyň üns merkezinde

Türkmenistan energiýa we ekologiýa boýunça meseleleri çözmekde hem BMG-niň roluny nygtaýar.

Türkmenistanyň prezidentiniň BMG-niň Baş Assableýasynda öňe sürjek prinsipleri kesgitlendi. 17-nji awgustda resmi taýdan tassyklanan bu dokumentde ýurduň pozisiýasy we ileri tutýan meseleleri kesgitlendi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji sessiýasy Nýu-Ýorkda şu ýylyň sentýabr aýynda açylar.
Türkmenistan ýaraglaryň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak we ýaragsyzlanmak meselesine şu günki gün dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran esasy meseleleriň biri hökmünde garaýar. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji Sessiýasynda yglan ediljek prinsipleri baradaky maglumatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýazylan kommentaride aýdylmagyna görä, Türkmenistan dünýäde ýaragsyzlanmak prosesine ýardam bermekçi. Ol BMG-niň Ýadro ýaraglaryň ýaýbaňlanmazlygy boýunça ylalaşygynyň işe girizilişi boýunça dialogy dowam etdirmegi aktual hasap edýär we ýaraglaryň yaybaňlanmazlygy boýunça halkara kanunlarynyň binýadyny berkitmek üçin 2013-nji ýylda ýokary derejede maslahat geçirmegi teklip edýär.

Türkmenistan Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zonany döretmek boýunça ylalaşygyň hem ähmiýetini nygtaýar.

Şeýle-de Türkmenistan ýaragsyzlanmak meselesinde BMG bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýdýar. Takyk inisiatiwa hökmünde Türkmenistan guramanyň bu ugurdan iş alyp barýan strukturalaryny kämilleşdirmek we regionda ýaragsyzlanmak boýunça regional merkezi döretmek ýaly teklipler bilen çykyş etmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň inisiatiwalary

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji sessiýasynda terrorçylyga garşy göreş boýunça inisiatiwalar bilen çykyş etmekçi. Türkmenistan dünýäniň dürli künjeklerinde BMG-niň terrorçylyga garşy informasion-koordinasiýa merkezlerini döretmek boýunça öz inisiatiwasynyň ähmiýetini nygtaýar.

Türkmenistan neşäniň bikanun dolanyşygyna, bikanun pullaryň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş üçin hem bilelikdäki tagallalaryň ähmiýetini nygtaýar we ozüniň bu ugurdan netijeli çäreleri yzygiderli durmuşa geçirjekdigini aýdýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji sessiýasynda Türkmenistan özüniň durnukly ösüşiň tarapdarydygyny, şeýle-de dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi we sosial meseleleriň çözgüdi BMG-niň edaralarynyň we halkara maliýe institutlarynyň özara gatnaşyklarynyň netijeliligine bagly diýip hasap edýänligini mälim etmekçi.

Türkmenistanyň prezidenti bu halkara duşuşygynda etjek çykyşynda öz energiýa serişdeleriniň halkara bazarlaryna durnukly çykarylmagy boýunça inisiatiwasyny hem öňe sürer.

2008-nji ýylda BMG Türkmenistanyň inisiatiwasy bilen “Energiýa serişdeleriniň ynamly we durnukly tranziti” boýunça rezolýusiýany kabul edipdi.

Öz 17-nji awgustda tassyklan prinsiplerinde energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmak ugrundaky gepleşikler prosesini ösdürmek üçin Türkmenistanyň energiýa diplomatiýasyny ulanmakçydygy aýdylýar.

Türkmenistan energiýa we ekologiýa boýunça meseleleri çözmekde hem BMG-niň roluny nygtaýar.