Orta okuw möhletini 11-12 ýyla ýetirmek göz öňünde tutulýar

Maslahatyň gidişinde bilim ministri Gülşat Mämmedowa käýinç hem berildi.

Türkmenistanda orta mekdepleriň okuw möhletini 11-12 ýyla çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu mesele 16-njy awgustda ýurduň ylym, bilim, saglygy saklaýyş, sport, syýahatçylyk we medeniýet boýunça ösüşine degişli iş maslahatynda gozgaldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Bilim ministrligine bu ugurda dünýädäki tejribeleri öwrenmegi tabşyrdy.

Maslahatda Türkmenistanyň milli bilim sistemasyny reformirlemek boýunça strategiýa barada gürrüň edilip, bilimi halkara derejesine çykarmak üçin zerurlygyň bardygy nygtaldy.

Bilimi ösdürmek boýunça öňe sürlen çäreler ýurduň ýokary we orta mekdepleriniň, şeýle-de mekdepden öň bilim berýän edaralaryň işiniň guramaçylygynyň gowulandyrylmagyna, şol sanda olaryň döwrebap maddy-tehniki üpjünçiligine degişli boldy.

Ýurduň ýokary okuw jaýlaryna okuwçylaryň kabul edilişi barada hem aýdyldy. Habar berlişine görä, şu ýyl ýurduň ähli ýokary okuw jaýlarynda geçirilen giriş ekzamenleri wideoýazga hem alnypdyr.

“Bu bolsa giriş synaglarynyň barşynda mugallymlaryň aýry-aýry dalaşgärlere aç-açan kömek berýänligini, ya-da olara goýlan bahalaryň esassyz ýokarlanýanlygyny görkezdi” diýip, Berdimuhamedow bu täzeligiň netijeleri barada aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti şeýle dalaşgärleriň bar bolan anyk sanawy boýunça barlag geçirmegi we baraglaryň netijeleri barada goşmaça hasabat bermegi bilim ministrine tabşyrdy.

Maslahatda Türkmenistanda bilim uguryndaky özgerişlikleriň haýal gidýänligi resmi derejede boýun alyndy. Berdimuhamedow käbir mekdeplerde mugallymlaryň taýýarlyk derejesiniň şu günki günüň talaplaryna laýyk gelmeýänligini aýtdy.

Maslahatyň gidişinde bilim ministri Gülşat Mämmedowa käýinç hem berildi.