Eýrandaky ýertitreme: “Facebook” özüniň gowy tarapyny görkezýär

"Facebook" Eýranyň demirgazyk-günbatarynda bolup geçen tragiki ýertitremede horluk çekenleriň janyny halas ediji gural hökmünde hyzmat etdi.

Eýranda 2009-njy ýylda bolup geçen jedelli prezident saýlawlarynyň yz ýany bilen köpçülikleýin protest hereketleri başlanypdy. Şol wagt hem “Facebook” sosial ulgamy protestçileriň habar hem-de maglumat ýaýratmagynda esasy çeşmä öwrülipdi. Hatda Eýranyň resmileri “Facebook” sosial ulgamyny Yslam respublikasyna garşy “Ýumşak uruşda” ulanylýan bir ýarag hökmünde häsiýetlendiripdiler.

Şeýlelikde häzirki wagtda Eýrandaky ulanyjylar sosial medialardaky websahypalaryna girmek üçin dürli böwetlerden geçmeli bolýarlar. Döredilen şol böwetlere boýun egmedikler režimiň “Facebook” sosial ulgamyny petiklemek üçin edýän synanyşyklaryndan baş alyp çykmak maksady bilen proksi serwerlerden peýdalanýarlar.

Režimiň goldamaýan bu sosial ulgamy ýakynda Eýranyň demirgazyk-günbatarynda bolup geçen tragiki ýertitremede horluk çekenleriň janyny halas ediji gural hökmünde hyzmat etdi. 300-den gowrak adamyň heläk bolmagyna we müňden gowrak adamyň öýsüz galmagyna getiren Azerbaýjan welaýatynyň gündogarynda 11-nji awgustda ýüz beren ýertitremäniň yz ýany “Facebook” ulanyjylar kömege bardylar.

Aglabasy eýranly žurnalistlerden ybarat adamlar şol tebigy apat bilen baglanyşykly ygtybarly habar hem-de maglumat ýygnamak we ýaýratmak maksady bilen "Facebook" sosial ulgamynda ýörite topar döretdiler.

Garaşsyz žurnalist Sasan Agaý ýaly köp habarçylar maglumat ýygnamak üçin ýertitremeden zyýan çeken şol etrapdyr obalara bardylar. Agaý ýertitremeden bir gün soň ýazan habarynda şeýle diýýär: "Men Warzagandaky iki sany ýer bilen ýegsan bolan obadan geldim. Tährandan getiren ähli zatlarymyz adamlara paýlandy, ýöne ol okeanda bir damja ýaly boldy. Biz bu gün Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň işine syn etdik. Adamlar jesetleri äkidýärdiler, ýaralylary we öýsüzleri bolsa çadyrlarda ýerleşdirýärdiler. (Olaryň ýagdaýlary gowy däldi). Häzirki esasy problema – ilaty içimlik suw hem-de iýmit bilen üpjün etmek".

Başga bir topar

Ýertitreme bilen bagly iş alyp barýan beýleki bir “Facebook” topary hem 140 müň töweregi agzasy bolan "Ayal-Erkek deňdir" topary bolup, ol öz agzalaryny Eýranyň ähli şäherlerinde gurlan gan tabşyrylýan merkezlere barmaga çagyrýar.

Gan tabşyrylyşyny gören şaýatlaryň berýän maglumatyna görä, çagyryş özüni ödäpdir. Adamlar ýertitremäniň bolan agşamyndan başlap gijäniň ýarsyna çenli boşan gan banklaryny doldurmak üçin nobata durupdyrlar.

"Men Tähranyň gan banklarynyň birinde işleýärin" diýip, Ahmet Duşenbe güni sosial ulgamynda çap eden habarynda ýazypdyr: "Men adamlaryň gan bermek üçin şeýle yhlaslydyklaryny ilkinji gezek gördüm. Mundan ozal hemişe biz adamlary gan bermekleri üçin çagyrardyk, olary bu maksat üçin höweslendirerdik, bu barada bildirişler ýaýradardyk”.

Şeýle hem ýurduň içindäki hem-de daşyndaky “Facebook” ulanyjylar halas bolanlara işjeň kömek etmäge synanyşýarlar. Bu ulanyjylar şeýle krizis ýagdaýynda nämelere zerurlyk duýulýandygy baradaky öz maglumatlaryny başga adamlar hem-de ýertitremäniň täsiri duýulan territoriýa öz islegi boýunça gitmek isleýänler bilen geňeşýärler we paýlaşýarlar.

Sanksiýalar

Şeýle hem daşary ýurtda ýaşaýan onlarça eýranlylar pul ýygnaýarlar. Emma olaryň ýygnan pullarynyň ýurda iberilmegine Eýrana garşy girizilen sanksiýalar böwet bolýar.

13-nji awgustda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Wiktoriýa Nuland gumanitar tagallalara goşant goşmak isleýän amirkalylaryň söwda-satyga degişli bolmadyk käbir maliýe serişdelerini Eýrana ibermäge mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.

Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Ynsanperwer kömek hem-de Raýat goragy komissiýasy Eýrana gumanitar kömegini teklip etmäge taýýardygyny bildirdi.

Emma, muňa garamazdan, Eýranyň bank ulgamyna girizilen agyr sanksiýalar sebäpli, adamlar tarapyndan iberilen pullaryň barmaly ýerlerine nädip gowuşjagy häzirlikçe nämälimligine galýar.

Italiýada ýerleşýän Adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Amir Raşidi ýygnanan kömek pullaryny Eýrana ugratmaga eden synanyşyklary barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: "Sanksiýalar sebäpli biz indi şol pullary Eýrana äkider ýaly adam tapmaly. Sebäbi Eýrana pul ibermek mümkin däl. Şol adam şu pullary alyp gitmäge we ony Eýrana baryp ýurduň öz puluna çalyşmaga razy bolmaly, ýöne bu aňsat däl".