Siriýanyň premýer-ministri ýurdy terk etdi

Siriýanyň hökümetiniň ýokary derejeli wekili Riýad Hijab

Siriýanyň döwlet telewideniýesiniň berýän maglumatyna görä, Riýad Hijabyň Iordaniýa gaçyp barandygy baradaky maglumatlaryň peýda bolmagy bilen, ol ýurduň premýer-ministri wezipesinden çetleşdirilipdir.

Adynyň tutulmagyny islemedik Iordaniýanyň resmisi Hijabyň öz maşgala agzalary bilen ýurda gelendigini tassyklady.

Riýad Hijabyň metbugat wekili Muhammet al-Atri Iordaniýadan “Al-Jazeera” telekanalynda Hijabyň adyndan beýanat bilen çykyş etdi.

Ol: Men [Riýad Hijab], ganly we terroristik režimiň düzümiden şu gün çykýandygymy mälim edýärin. Men azatlyk we adalat üçin oppozisiýanyň tarapyna geçdim. Şu günden başlap men rewolýusiýanyň esgerleriniň hataryndadygymy yglan edýärin” diýdi.

Al-Otriniň bellemegine görä, häzir Hijab we onuň maşgala agzalary “howpsuz ýerde” bolup, olaryň ýurtdan çykmagyna Siriýanyň azat armiýasy hemaýat edipdir.

Oppozisiýadaky Siriýanyň Milli geňeşiniň ýolbaşçysy Abdel Basset Saýda ozalky premýer-ministriň ýurtdan gaçmagynyň Başar al-Assadyň režiminiň “dargap başlandygyny” äşgär edýändigini aýtdy.

Mundan öň Hijab Siriýanyň oba-hojalyk ministri bolup, ol 23-nji iýunda ýurduň premýer-ministri wezipesine bellenilipdi.

Bu aralykda, duşenbe güni Damaskda telewideniýe binasynyň üçünji gatynda bomba partlady. Bu wakada azyndan üç kişiniň ýaralanandygyny ýerli media habar berýär.