Käbirleri ony “Azap öýi”, käbirleri bolsa, “gitse gelmez” diýip atlandyrýar, emma onuň Özbegistandaky resmi ady “Ýaşlyk” türmesi. Ol bendilere sütem edilişi we türmäniň şertleri göz öňünde tutulanda, ýurduň türmeleriniň arasynda iň erbedi diýlip baha berilýär.
Bu ady gara türme barada halk arasynda hem dürli gürrüňler bar. Şol türmede tussaglaryň agyr ýenjilmegi, gaýnar suwa salynmagy ýaly wakalaryň bolup geçýändigi aýdylýar.
Türmede oturyp çykanlaryň aýtmaklaryna görä, “Ýaşlykda” bendileriň jynsy zorluga sezewar edilýän, olaryň dyrnaklarynyň sogrulýan we uzak wagtlap suwsuz, naharsyz ýeke adamlyk kamerada saklanýan halatlarynyň hem bolýandygyny aýdýarlar.
“Ýaşlykda” üç ýyl oturyp çykan özbegistanly dissident hem şahyr Juma Ýusup Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde “Ýaşlyk türmesi Ikinji jahan urşy döwründe döredilen faşistik konslagerler deňeşdirilse, onda olaryň haýsysynyň has elhençdigini aýdyp bilmejegini” aýtdy.
Juma Ýusup “Ýaşlygyň” ölüm lagerinden hiç hili tapawudynyň ýokdugyny we adamlary gynamak meselesinde türme sakçylarynyň hiç zatdan gaýtamaýan ýaly bolup görünýändigini aýdýar. Ol Karimowyň gaýtadan prezidentlige dalaş etmegine garşy çykansoň, 2007-nji ýylda şol türmä basylypdy.
“Her aý olar meni 15 gün ýeke adamlyk kamerada saklaýardylar. Şol aýyň galan 15 gününi tussaghanadan 500 kilometr uzaklykdaky Nukus şäherindäki bölüminde geçirmeli bolýardym” diýip, Juma Ýusup gürrüň berýär. “Olar meni demirden ýasalan kiçijek demir gutuda äkidýärdiler. Guty oturmak üçin kiçi, dik durmak üçin-ä hasam kiçidi hem-de çarkandakly ýoldan gidýänligimiz sebäpli meniň kelläm yzly-yzyna demre degýärdi. Onuň içinde dem almak hem gaty kyndy”.
“Ýaşlyk” tussaghanasy 1999-njy ýylda Özbegistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Garagalpagystan awtonom respublikasynyň çäklerindäki öňki sowet döwründen galan himiki ýaraglaryň barlag territoriýasynda guruldy. Bu territoriýa özüniň ýowuz klimaty bilen tanalýar. Bu ýerde howa gyşyna gazaply sowuk, tomus aýlary bolsa gaty yssy we gurak.
Tussaghana Daşkentde edilen ýowuz bomba hüjüminden soň açyldy. Bu bolan hadysada ýolbaşçylar aşa dinçi toparlary aýyplapdylar. 1999-njy ýyldaky şol hadysadan soň, on müňlerçe adam tussag edilipdi we "dini tussaglar" diýlip atlandyrylýan köpsanly tussaglar getirilip, şu türmä salnypdylar.
5-7 müňe golaý tussag
Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän hukuk goraýjy “Human Rights Watch” guramasynyň maglumatyna görä, şol türmede edil häzirki döwürde 5-7 müňe golaý tussag saklanýar.
Özbek ýolbaşçylarynyň “Ýaşlyk” türmesini gizlinlik bilen üzňelikde saklamaga synanyşmagyna garamazdan, onuň medianyň hem-de ynsan hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistleriň ünsüni özüne çekip başlamagy köp wagt almady.
2002-nji ýylda adam hukularyny goraýan toparlar “Ýaşlyk” tussaghanasyndaky iki tussagyň şübheli ölümini dokumentleşdirdiler. Habar berilmegine görä, olaryň bedeninde gynamalaryň alamatlary aç-açan görülýärdi.
Muzafar Awazow we Husniddin Alimow - olaryň ikisi hem adam hukuklaryny goraýan gurama tarapyndan "dini tussaglar" hökmünde häsiýetlendirilýärdi.
Agzalýan guramanyň bellemegine görä, Awazowyň teniniň 60-70%-i ýanypdyr we ony barlan doktorlaryň aýtmagyna görä, "Awazowyň teninde şeýle ýanyklaryň bolmagy, onuň diňe gaýnag suwa çümdürilip çykarylmagy netijesinde emele gelip biler".
Gören şaýatlaryň maglumatyna esaslanyp, “Human Rights Watch” guramasynyň beren maglumatyna görä, Awazowyň kellesiniň arkasynda ganly ýaralar, şeýle hem maňlaýynda hem-de boýnunda agyr gögermeler görlüpdir. Onuň barmaklarynda bolsa dyrnaklary ýok ekeni.
“Human Rights Watch” guramasynyň spesialisti Stiw Swerdlowyň aýtmagyna görä, Awazowly waka Özbegistandaky şol tussaghana halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.
“Şondan soň tussaghanalarda edilýän zulumlar adam hukuklaryny goraýan edaralaryň Özbegistan bilen bagly gatnaşykda esasy üns berýän meselesine öwrüldi. Soňky on ýyldan bäri “Ýaşlyk” sansyz habarlaryň çeşmesi bolup galýar. Dini tussaglara edilýändigi aýdylýan zulum-sütemler barada bu türmeden dürli maglumatlar gelip gowuşýar” diýip, Swerdlow aýdýar.
Özbek ýolbaşçylary şondan bäri ýagdaýyň gowulaşandygyny aýdyp, ýurtdaky tussaghanalarda adam gynamalaryň giňden ýaýrandygy baradaky aýyplamalary ret edýärler. Resmiler adam gynamalar bilen bagly howpsuzlyk güýçleriniň işgärleriniň ençemesiniň jezalandyrylandygyny hem öňe sürýärler.