Tomsuň häzirki günlerinde mekgejöwen baldaklary daýhanyň dyzyndan däl-de, onuň boýy bilen boýdaş bolmaly. Ýöne bu tomus Birleşen Ştatlaryň ekerançylyk merkezlerinde, bolmalysy ýaly, adaty tomus däl.
Suwsuzlykdan ýaryk-ýaryk bolan hem-de tozanly meýdanlarda ýatan gyrymsy ösümlikler Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda soňky 50 ýyl gowrak wagtyň dowamynda emele gelen iň agyr gurakçylygyň netijesidir.
ABŞ-nyň Oba-hojalyk departamenti gelýän ýylda ýurtda iýmitleriň bahasynyň 3 ýa-da 4 prosent galjagyny çak edýändigini belläp, ýurduň 1000-den gowrak etrabyny “howply apat zolaklary” diýip, yglan etdi.
26-njy iýulda ABŞ-nyň gurakçylyga gözegçilik edýän edarasy tarapyndan ýaýradylan maglumatda ýagdaýyň gün-günden erbetleşýändigi aýdylýar. Aýdylşyna görä, häzirki gurakçylyk ABŞ-nyň üçden iki bölegine öz täsirini ýetiripdir.
Daşary ýurtlara täsiri
Amerikada ýagşyň ýagmagyny umyt edýänler diňe daýhanlar we alyjylar däl. Bilermenleriň aýtmagyna görä, zyýanly guraklygyň gelmegi ABŞ-nyň araçäginiň daşyndaky ýurtlarda hem iýmitleriň bahalarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolar we bu bolsa global iýmit krizisiniň döremegine ýol açar.
Bütindünýä bankynyň oba-hojalyk we obalaryň galkynyşy boýunça öňki müdiri we häzirki wagtda Waşingtonyň Johns Hopkins Uniwersitetiniň myhman akademigi Robert Tompson: "Bu gurakçylyk asyrda bir ýa-da iki sapar bolýar we ol adamlaryň garaşanyndan has agyr bolup geçer” diýýär.
Ýagşyň azlygy we howanyň yssylygy sebäpli ABŞ-nyň 78%-e golaý hasyly bilen bir hatarda mekejöwene has hem köp zyýan ýetdi. Bu hem öz nobatynda ýurduň soýa hasylyna öz täsirini ýetirdi.
ABŞ mekejöweniň dünýädäki iň uly öndürijisidir. Bu hem häzirki ýagdaýyň täsiriniň ABŞ-nyň daşyndaky ýurtlarda hem duýuljakdygyny aňladýar.
Mekgejöwen tutuş dünýäde önümçiligiň köp ugurlarynda peýdalanylýar. Soýa esasan hem iýmit önümçiliginde peýdalanylýar. Galyberse-de, olaryň ikisi hem haýwanlar üçin niýetlenen iýmit önümlerinde hem ulanylýar we bu hem agzalýan problemanyň etiň bahasyna-da öz täsirini ýetirjekdigini görkezýär.
Mekgejöweniň we soýanyň nyrhynyň ýokary bolmagy bugdaýa bolan islegi hem artdyrýar. Netijede bu ýagdaý gallanyň bahasynyň hem artmagyna sebäp boljaga meňzeýär.
Bütindünýä bankynyň berýän maglumatyna görä, iýun aýynyň ortalaryndan başlap, bugdaýyň we mekgejöweniň bahalary 45-50% artypdyr. Soýanyň bahasy bolsa iýun aýynyň 1-den başlap, 30% ýokary göterilipdir.
Agzalýan bankyň maglumatyna görä, krizisiň ösmegine sebäp bolýan faktorlar ABŞ-daky gurakçylyk, Orsýetdäki, Ukrainadaky, Gazagystandaky ekin meýdanlarynda ýagşyň az ýagmagy, Ýewropanyň köp böleginde bolsa köp yagmagy, şeýle-de daşky gurşaw bilen bagly käbir beýleki faktorlary öz içine alýar.
Bütindünýä banky hökümetlere birnäçe programmalaryň üsti bilen krizisiň täsirini azaltmaga kömek etjekdigini söz berdi. Bu gurakçylygyň esasanam ösüp barýan ýurtlara, şeýle hem Merkezi Amerika we Afrikanyň demirgazygyndaky ýurtlara has köp täsir ýetirjekdigi çak edilýär.