Birleşen Ştatlar dini çydamsyzlygyň 2011-nji ýylda hem dünýäni aldym-berdime salmagyny dowam etdirendigini aýdýar.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň dini azatlyklar boýunça duşenbe güni çap edilen hasabatynda Bahreýn,Yrak we Orsýet ýaly ýurtlarda hökümetleriň öz “ekstremist” häsiýetli hasaplaýan konfliktlerine we toparlaryna garşy gören çäreleri din azatlygynyň çäklendirilmegine we sosial çydamsyzlygyň artmagyna täsir ýetirdi diýilýär.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton dünýä adam hukugynyň bu ugrunda, parahatçylykly jemgyýet gurmak üçin diýseň möhüm bolan blokda yzlygyna tarap süýşýär diýdi.
“Biziň din azatlygyna ünsi çekmegimiz aýratyn möhüm, sebäbi dünýäde umumylykda din azatlygy giňelýärmi ýa daralýar diýseň, jogap huşuňa aýlanmagy talap edýär: Bir milliarddan gowrak adam din azatlygyny yzygiderli basyp saklaýan hökümetleriň gol astynda ýaşaýar” diýip, Klinton aýtdy.
Kanunlar azatlyga garşy ulanylýar
Hasabatda geçen ýyl hökümetleriň küpür geplemek, ýagny hudaýa şek ýetirmek, başga dine geçmek we myjabat atmak bilen bagly kanunlary dini azatlyklary çäklendirmek üçin ulanandyklary aýdylýar.
Onda Hytaý, Eýran, Demirgazyk Koreýa we Saud Arabystany ýaly ýurtlaryň din azatlygyny “hroniki bozujylar” bolup galandygy bellenilýär.
Birleşen Ştatlaryň ýaranlary bolan Owganystan we Pakistan bolsa, hasabatda din azatlygyny gowy goramaýan ýurtlar hökmünde häsiýetlendirilýär.
“Owganystanyň sudlary yslam kanunlaryny öz ynançlaryna eýerýän musulman däl adamlary jezalandyrmak üçin ulanýar” diýip, hasabatda aýdylýar.
Pakistan küpür geplemek, hudaýa dil ýetirmek işleri boýunça ölüm jezalaryny bermekde we dini azlyklara edilýän zorlukly hüjümleri görmezlige salmakda tankyt edilýär.
Milli howpsuzlyk bahanasy
Halkara din azatlygy ilçisi Sýuzan Jonson Kuk Döwlet departamentiniň hasabatyň çap edilmegi mynasybetli geçiren metbugat ýygnagynda çykyş edip, Özbegistanyň we Orsýetiň milli howpsuzlygy din azatlyklaryny çäklendirmäge bahana edinip ulanandygyny aýtdy.
Şeýle-de ol Gündogar Ýewropadaky we Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň birnäçesiniň hasaba alyş kanunlaryny dini jemgyýetleri gurmagy çäklendirmek üçin ulanandygyny belledi.
“Orsýet we Özbegistan milli howpsuzlygy käbir parahatçylykly dini toparlaryň hukuklaryny çäklendirmek üçin ulandy. Beýleki hökümetler hasaba alyş kanunlaryny dini jemgyýetleriň hukuklaryny çäklendirmek üçin ulandylar - diýip, Kuk aýtdy. - Bir topar ýurtda, şol sanda Belarusda, Wengriýada we Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň birnäçesinde dini jemgyýetleriň kanuny hasaba alnyşyny kynlaşdyrýan berk kanunlar bar we hasaba alynmadyk dini toparlar köplenç döwlet maliýe gulluklarynyň ýardamyndan we salgyt ýeňilliklerinden mahrum bolýarlar, emläk edinip bilmeýärler.”
Ýolbaşçylar wepaly we adalatly bolmaly
Döwlet sekretary Klinton din azatlygyny adamlaryň lapykeçliklerini gurujy ugra gönükdirýän “howpsuzlyk klapanyna” deňedi we hökümetler din azatlygyny basyp ýatyranlarynda, konfliktleriň esasyny goýýarlar diýdi.
“Jemgyýetçilik pikiri azlygyň hukuklaryny çäklendirmegi goldaýan wagtynda, ýolbaşçylar öz halkyna hem wepaly, hem adalatly bolmalydyklaryny ýatda saklamaly” diýip, ol aýtdy.
Klintonyň sözlerine görä, ýolbaşçylar ýolbaşçylyk etmeli we öz raýatlaryna hukuklar raýatlaryň diňe käbirine degişli bolup, beýlekilerine degişli bolmasa, bu prinsipleriň ýoýulmagyna, kanuny nägilelikleriň we durnuksyzlygyň döremegine getirip biler.
Hasabatda dünýä boýunça anti-semitizmiň ýokarlanandygy we beýleki toparlara, şol sanda ahmadilere, bahaýylara, buddistlere hem uýgur musulmanlaryna garşy çydamsyzlygyň artandygy bellenilýär.