Golaýda köp partiýalylyk barada kanun kabul edilip, türkmen telekeçileriniň partiýasynyň döredilýänligi habar berildi.
Şol bir wagtda, Türkmenistanda resmi hasaba alnan ýeke-täk syýasy partiýa bolan Demokratik partiýanyň Merkezi geňeşiniň Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde täze, kaşaň ofise göçüp barandygy aýdylýar.
Eýsem bu partiýa öz agzalarynyň ykbalynda nähili rol oýnaýar, oňa agzalygyň adamlara berýän peýdasy näme?
Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä, Demokratik partiýa şeýle kaşaň ofis salnyp berilmegi ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýurtda alnyp barylýan syýasy-köpçülik işlerinden kanagatlanýandygyny görkezýär.
Partiýa we wezipe basgançagy
Türkmenistanda syýasy partiýa agza bolmak, umuman partiýalylyk, anyk programmaly syýasy hereketiň hataryna goşulmak praktikasy barada gürrüň edilende, esasan sowet döwri ýatlanylýar.
Şol döwürde partiýalylyk wezipe basgançagynda ýokary galmagyň, jemgyýetde täsirli adama öwrülmegiň esasy şerti bolup durýardy.
Eýsem öňki Komunistik partiýanyň ornuna döredilen Demokratik partiýa agza bolmagyň nähili bähbitleri bar?
Hukuk meselelerini öwrenýän aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew Azatlyk Radiosyna bu partiýa agzalygyň uly bir peýdasy bar diýip hasaplamaýandygyny aýtdy. Ýöne ol Türkmenistandaky wezipeli adamlaryň köpüsiniň Demokratik partiýanyň agzasydygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
“Deputatlar-zatlaryň hemmesi diýen ýaly partiýada, şo Dempartiýanyň agzalary-da näme, başga zat ýok” diýip, Baýryýew aýtdy.
Ýazyjy Bugaýew hem bu meselede žurnalist Baýryýewiň pikiri bilen ylalaşýar. Ýöne ol, sowet döwründen tapawutlylykda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna agza bolmagyň Kommunistik partiýa agza bolandan has aňsatdygyny, ilki wezipä belläp, partiýa soň hem alyp bilýändiklerini, öňki ýaly, “pylança ýyllyk partiýa stažyň bolmaly” diýen talabyň asla ýokdugyny aýtdy.
Şeýle-de Bugaýew, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýurduň ýaşlar guramasynyň agzalarynyň bir böleginiň Demokratik partiýanyň agzalygyna geçendigini, olaryň muny ýaşlar guramasynyň berýän baýramçylyk sowgadyndan has gymmat bahaly sowgat almak üçin edendigini gürrüň berdi.
Bar hem ýok mejburlyk
Hökümet edaralarynyň jogapkär işgärleriniň aglabasynyň Dempartiýanyň agzasydygy baradaky maglumatlara garamazdan, ýazyjy Bugaýew oňa geçmek üçin mejburlyk bardyr öýtmeýär. Ýöne žurnalist Baýryýew bu meselede belli bir derejede mejburlygyň bardygyny öňe sürýär.
“Bar ol mejburlyk, bir döwlet işinde işläp ýören bolsa, oňa geç diýýärler, boldy” diýip, Baýryýew aýtdy.
Sowet döwründe Kommunistik partiýa ýylda alynmaly adamlaryň arasynda intelligensiýa wekillerine, ýokary bilimli adamlara az orun berlerdi.
Bu ýagdaý käbir ýokary bilimli adamlaryň oba ýerlerine, zawod-fabriklere gidip, partiýa girýänçä çopançylyk etmegine, işçi bolmagyna getiripdi. Şeýle-de ol döwürde partiýadan çykarylmak temmisi bardy we bu ýagdaý şahsyýete agyr urgy bolýardy.
Žurnalist Baýryýew garaşsyzlyk ýyllarynda Demokratik partiýanyň hataryndan çykarylan adam barada eşitmändigini, indi etmiş eden adamlara adminstratiw temmi berilýändigini gürrüň berdi.
Onuň pikiriçe, sowet döwründe partiýa häkimiýete doly kontrolluk eden bolsa, Türkmenistanda hemme zat ýerine ýetiriji häkimiýete bagly we şol häkimiýetiň başynda Demokratik partiýanyň agzasy durýar.
Agzalyk tölegi
Düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” topary golaýda bu partiýanyň ozal agzalyk tölegini alman, iýun aýyndan bäri partiýa agzasynyň aýlygynyň 1 prosenti möçberinde töleg alyp başlandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäherindäki resmileriniň biri, Azatlyk Radiosyna adynyň aýdylmazlyk şerti bilen beren gürrüňinde, bu habary ýalana çykardy.
Onuň aýtmagyna görä, agzalyk tölegleri öňden hem bar we asla täze girizilen zat däl.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň häzirki agzalarynyň sanynyň 300 müňden aşandygy aýdylýar.
Bu partiýa 1991-nji ýylyň dekabrynda, öňki Kommunistik partiýanyň adyny üýtgetmek bilen döredildi.