“Türkmenhowaýollarynyň” işi tankytlandy

Türkmenistanyň ýolagçy uçary.

“Türkmenhowaýollarynyň” işindäki kemçilikler 19-njy iýulda geçirilen hökümet maslahatynda gürrüňi edilen esasy meseleleriň biri boldy.

Resmi maglumatlara görä, ýurduň howa gatnawyna degişli kemçilikleriň arasynda uçar biletlerini ýerleşdirmek meselesindäki kemçiliklere aýratyn üns berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, awiabiletleri satyn almaga uly isleg bildirilýänligine garamazdan, aýry-aýry ugurlar boýunça uçuşlary ýerine ýetirýän uçarlaryň ýolagçydan doldurylman gatnadylýanlygyny aýdýar.

Soňky aýlarda “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlarynyň gatnawynda ýolagçylar üçin iň uly kynçylykly ugurlaryň biri Orsýet boldy. Iýun aýynyň ortalaryndan başlap, günde onlarça adam Moskwanyň Domodedowo aeroportunda birnäçe günläp garaşmaly boldy. Käbir günlerde Aşgabada uçup bilmän galan ýolagçylaryň sanynyň 100-den geçip, 200-e golaýlanlygy hem habar berlipdi.

Azatlyk Radiosyna gowuşýan maglumatlara görä, “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylarynyň Türkmenistana uçup bilmän, aeroportda galmagy bilen bagly ýagdaýlar, hususan-da, Pekiniň we Kiýewiň aeroportlarynda hem ýüze çykýar.

Orsýet, Hytaý we Ukraina türkmenistanly ýaşlaryň bilim almak üçin iň köp gidýän ýurtlary. Türkmenistana gatnaýan uçarlara münmek bilen bagly kynçylyklar birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýär. Bu ýagdaý studentleriň kanikuly döwürlerinde hasam agyrlaşýar.

Häzir ýagdaý nähili?

Kanikul döwri bireýýäm başlanyp, tiz wagtda studentleriň okaýan ýurtlaryna gaýtmak wagtynyň ýakynlaşýanlygyna garamazdan, käbir ýolagçylar Moskwadan Aşgabada uçmagyň henizem kyndygyny aýdýalar. Olar ilkinji nobatda açyk möhletli biletlere bron goýdurmagyň kyndygyny habar berýärler.

“Türkmenhowaýollarynyň” Moskwanyň Paweletskiý demirýol wokzalynda ýerleşýän kassasynda Aşgabada gitmek üçin uçar biletleriniň 11-nji sentýabra çenli satuwda ýokdugyny aýtdylar. Emma, kassada aýdylmagyna görä, Aşgabatda bron etdirilen ýagdaýynda “ertirki uçara-da bilet satylýar”.

Şol günüň özünde azyndan iki adam Moskwadan Aşgabada gitmek üçin “Türkmenhowaýollarynyň” ertirki uçaryna bronsyz bilet satyn alypdyr. Efirde adynyň tutulmagyny islemedik söhbetdeşimiziň sözlerine görä, bir uçar biletiniň bahasy 7500 rubl, ýagny 250 amerikan dollary çemesi. “Bileti arkaýyn alyp bolýar, hatda şu günki reýsde-de boş ýer az däl eken” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

“Düýpli seljeriş”

19-njy iýulda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylarynyň uçar biletleri bilen doly üpjün edilmeýänliginiň sebäplerini “düýpli seljermegi” tabşyrdy.

“Türkmenhowaýollarynyň” uçar biletlerini satmagyna, öňünden satan biletlerine bron goýmagyna, bronsyz ýolagçylar üçin uçarlarda ýer tapmagyna degişli kynçylyklaryň sebäpleri köpleri gyzyklandyrýan meseleleriň biri.

“Türkmenhowaýollarynyň” işgärleri munuň sebäbini uçarlarda ýeterlik boş ýeriň galmaýanlygy bilen düşündirseler, kabir ýolagçylar kynçylyklaryň sebäbini korrupsiýadan görýärler.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanlaryň köpüsi para berseň, bilet hem satyn alyp bolýanlygyny, biletlere bron hem goýduryp bolýanlygyny aýdýarlar. Garaşsyz çeşmeler, şol sanda “Türkmenhowaýollarynyň” Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýolagçylary paranyň möçberine degişli käbir sanlary, ýagny onuň 70-150$ aralygyndadygyny aýtdylar.

“Türkmenhowaýollary” Türkmenistanyň üstünden başga ýurtlara gidýän syýahatçylar üçin çarter uçuşlaryny hem amala aşyrýar. Hususan-da, Moskwa - Aşgabat - Bangkok syýahatçylaryň arasynda iň meşhur ugurlaryň biri. Käbirleri bilet ýetmezçiligini tomus aýlarynda çarter syýahatçylarynyň sanynyň köpelmegi bilen-de baglanyşdyrýarlar.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň prezidenti “Türkmenhowaýollarynyň” ýolbaşçysyndan bar bolan kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi talap etdi, şeýle-de, eger iş “talaba laýyk ýola goýulmasa”, onuň eýeleýän wezipesinden boşadyljagyny duýdurdy.