Özbegistanda tankydy sesler kemelýär

Oppozisýadaky “Azat daýhanlar” partiýasynyň ýolbaşçysy Nigora Hidoýatowa. Daşkent. 2004 ý.

Özbegistandaky sem edilen tankydy sesler belli oppozisiýa lideri we demokratiýa ugrundaky göreşiji ýurdy terk edensoň has-da ýuwaşady.
Özbegistandaky sanlyja oppozisiýa wekiliniň biri ýurdy terk etmäge mejbur bolandygyny aýdýar. Nigora Hidoýatowa başga ýagdaýda oňa hökümeti agdarmak synanşygy boýunça aýyplamanyň ýöňkelmeginiň mümkindigini öňe sürýär.

Resmi taýdan hasaba alynmadyk “Azat daýhanlar” partiýasynyň ýolbaşçysy Nigora Hidoýatowa Özbegistany terk edip, üçünji bir döwlete aşandan soň, Azatlyk Radiosynyň özbek gullugy bilen söhbetdeş boldy. Ol özüniň howpsuzlygy üçin häzir haýsy döwlete barandygy barada hiç zat aýtmady.

Ol: “Haýbat atylandygy üçin, men 13-nji iýulda Özbegistany terk etmeli boldum. Şoňa çenli men 15 gezek şaýat hökmünde soraga çekilipdim. Emma 16-njy gezekde maňa etmiş eden bir adam hökmünde daraşdylar. Bu maňa ýakynda aýyplamanyň ýöňkeljegini aýtdyklarydy. Meni sorag eden adam indiki gezek öz aklawçyň bilen gel diýip goýberipdi” diýdi.

Hidoýatowanyň aýtmagyna görä, soraglaryň dowamynda resmiler oňa garşy bikanun guramany döretmek we hökümeti güýç bilen agdarmak synanşygy boýunça işiň gozgaljakdygyny açyk duýdurypdyrlar.

Hidoýatowa bularyň juda uly aýyplamalardygyny, eger-de olar boýunça türmä basylsaň, onda amnistiýa hem düşüp bolmaýandygyny belleýär.

Hidoýatowa soňky gezek sorag eden adamlar oňa garşy üç kişini şikaýat bermek üçin soraga çagyranlarynda, özi üçin aýgytlaýjy pursadyň bolandygyny aýtdy. Ol şol üç adamyň ikisini tanaýandygyny, emma üçünjisini hiç haçan görmändigini aýdýar.

Şol üç adam Hidoýatowanyň Özbegistanyň bosgunlykdaky oppozisiýa wekilleri bilen Stambulda duşuşandygyny aýdypdyrlar. Gürrüňi gidýän duşuşykda, hamala, özbek hökümetini agdarmak barada maslahat edilipdir.

Hidoýatowa: “Şol şaýat diýilýän adam meniň rolumyň bu işde pul serişdelerini tapmakdan ybaratdygyny aýdypdy. Hamala, biz hökümeti agdarmak üçin, ABŞ-dan pul almaly ekenik” diýdi.

“Men munuň näme bilen gutarjakdygyny gowy bilýärdim” diýip, Hidoýatowa belleýär. Eger-de ýurtda galan bolsa, özüniň ikuçsuz türmä basyljakdyny aýdýar.

Iki çaganyň enesi, 48 ýaşly Hidoýatowa beýleki özbek oppozisiýanyň wekilleriniň edişi ýaly, ýurdy terk etmek kararyna gelendigini nygtaýar.

Hünäri boýunça taryh mugallymy Hidoýatowa syýasata 2003-nji ýylda girip, özüniň “Azat daýhanlar” partiýasyny esaslandyrypdy. Resmiler onuň partiýasyny hasaba almakdan ýüz öwürdiler. Şeýle-de, partiýanyň wekilleri 2004-nji ýyldaky parlament saýlawlaryna gatnaşdyrylmandy.