Soňky birnäçe günüň dowamynda Türkmenistanda et önümleriniň, hususan-da sygyr etiniň bahasynyň bir wagtda galandygy barada maglumatlar peýda boldy. Bu baradaky maglumatlary Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary hem tassyklaýarlar.
Nyrhy saklamak ugrundaky tagallalar
Şol bir wagtyň özünde resmileriň et önümleriniň bahasynyň artmagyna garşy çäreleri görýändikleri aýdylýar. Publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Aşgabadyň Parahat mikroraýonyndaky bazarynda etiň kesgitlenen nyrhyndan ýokary bahadan satylmazlygy üçin, ýörite ýazgylaryň hem ýerleşdirilendigini habar berdi.
Ol: “Öňki köne “goýun eti – 10 manatdan; sygyr eti – 11 manatdan” diýen ýazgylar hususy dükanlaryň aýnalaryna ýelmenip goýlupdyr” diýdi.
Bugaýew dükanlarda etiň bahasynyň ýokarlanmazlygy üçin, diňe bir bazar administrasiýasy däl-de, eýsem ýurduň Söwda ministrligi tarapyndan hem gözegçilik edilýändigini aýtdy.
Aşgabatdaky habarçymyz Myrat Gurban paýtagtyň “Gülüstan” bazarynda goýun eti bolsa-da, sygyr etini tapmak kyn diýip maglumat berýär.
Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, etiň bahasynyň ýokarlanmagyna garşy nyrh çäginiň girizilmegi alyjylara edilýän hyzmaty hem çäklendiripdir. Käbir dükanyň satyjylary eti öz alyjylarynyň göwün islän ýerinden bermegi bes edipdirler. Aşgabatly publisist ýazyjy şeýle gürrüň berýär: “Ýöne häzirki nyrhda öňki ýaly saýlantgy etler däl-de, et nähili çapylýan bolsa, şol durşuna berilýär. Onuň ýanyna süňki, iç ýagy, ýene gaýrysy-da goşulýar”.
Bugaýewiň bellemegine görä, hususy satyjylar öňden bäri tanaýan müşderilirine saýlantgy etleri gizlin ýagdaýda, 15 manatdan satýarlar.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde paýtagtdan tapawutlylykda hem sygyr hem-de goýun etiniň bir kilogramynyň bahasy 15 manada deň. Lebapdaky habarçymyz Osman Hallyýew şeýle maglumat berýär: “Etiň bahasy ozalkysy ýaly däl. Ol bir manat gymmatlady, ýagny ol 15 manatdan satylýar”.
"Etiň nyrhyny biz hem öz islegimiz bilen galdyrmaýarys..."
Habarçymyz Osman Hallyýewiň aýtmagyna görä, Lebap walaýatynda mal saklaýan käbir adamlar özara nyrhda ylalaşman, belli bir wagtda gassaplara mallaryny satman saklapdyrlar. Şeýle ýagdaýlaryň bardygyny adynyň efirde tutulmagyny islemedik aşgabatly bir satyjy, gassap hem tassyklady.
Ol, hususan-da: “Etiň nyrhyny biz hem öz islegimiz bilen galdyrmaýarys. Biziň öz mal-sürimiz ýok. Et biziň dükanymyza gelip ýetýänçä, birki elden geçýär, onuň nyrhy şol aralykda galýar. Meniň hem bazara tölemeli tölegim bar, men hem maşgalamy eklemeli, şonuň üçin biz hem degişlilikde bahany artdyrmaly bolýarys” diýip, Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Şol bir wagtda-da geçen hepdäniň dowamynda Türkmenistanda çöregiň we unuň bahasy-da birden 2-3 esse ýokarlanypdy.
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda mundan öň 20 teňňeden satylan “buhanka” çöregi 3 esse gymmatlady. 1-nji sort türkmen ununyň 1 kilogramynyň bahasy bölek satuwda öň 40 teňňe bolan bolsa, indi 90 teňňeden satylýar.